Şu ýyl 46-njy ge­zek ge­çi­ri­len Ko­pa Ame­ri­ka (Copa Ame­rica) ýa­ry­şyn­da ýer eýe­le­ri Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Sam­ba­çy­lar “Ma­ra­ka­na” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Pe­ru­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Oý­nuň 15-nji mi­nu­tyn­da ýer eýe­le­ri Ewr­to­nyň go­ly bi­len 1–0 öňe saý­lan­ýar. 44-nji mi­nut­da çi­li­li emin Ro­ber­to To­bar Pe­ru­nyň peý­da­sy­na pe­nal­ti ur­gu­sy­ny bel­le­ýär. Pao­lo Gu­er­re­ro ony dürs ýe­ri­ne ýe­ti­rip ha­sa­by deň­le­ýär. Bu onuň Ko­pa Ame­ri­ka­nyň ta­ry­hyn­da­ky 17-nji go­ly bo­lup, ol bu ugur­da 3-nji ha­tar­da bar­ýar. 1-nji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka, sta­dio­na ýyg­na­nan 69906 jan­kö­ýer ýe­ne bir go­luň şa­ýa­dy bol­ýar. Şol go­ly 45+3-nji mi­nut­da Gab­ri­el Že­sus der­we­zä gi­riz­ýär we Bra­zi­li­ýa 2–1 öň­de ara­kes­mä çyk­ýar. 2-nji ýa­rym­da pe­ru­ly­lar ha­sa­by deň­le­jek bo­lup kän dyr­jaş­sa­la­ram, bu ola­ra ba­şart­ma­ýar. Hat­da 70-nji mi­nut­da bra­zil­le­riň bir oýun­çy­sy, has ta­ky­gy, hü­jüm­çi Gab­ri­el Že­sus 2-nji sa­ry­dan soň, gy­zyl kart hem al­ýar. Em­ma bir oýun­çy ar­tyk­maç bolup oý­na­ma­gam pe­ru­ly­la­ra ýeňiş ge­tir­me­ýär. Du­şu­şy­gyň 90-njy mi­nu­tyn­da oý­na soň go­şu­lan Ri­çar­li­si­on pe­nal­ti­den ha­sa­by 3–1-e ýe­tir­ýär. Bu gol oýun­da­ky soň­ky gol bo­lup, Bra­zi­li­ýa 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär. 12 ýyl­dan soň, ku­bo­gy ga­za­nan Bra­zi­li­ýa 9-njy ge­zek Ko­pa Ame­ri­ka­da çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Öz­le­rin­de ge­çi­ri­len 4-nji ýa­ryş­da-da (1919, 1922, 1949, 1989) çem­pi­on­lyk ga­za­nan Bra­zi­li­ýa mun­dan ozal, 1919-njy, 1922-nji, 1949-njy, 1989-njy, 1997-nji, 1999-njy, 2004-nji, 2007-nji ýyl­lar­da ku­bo­ga my­na­syp bo­lup­dy. Bra­zi­li­ýa bu ugur­da Urug­waý we Ar­gen­ti­na­dan soň, 3-nji bas­gan­çak­da bar­ýar. Urug­wa­ýyň 15, Ko­pa Ame­ri­ka­ny soň­ky ge­zek 1993-nji ýyl­da ga­za­nan Ar­gen­ti­na­nyň 14 ýeň­şi bar.

Mes­sä je­ri­me
be­ril­me­gi müm­kin
Bü­rünç me­dal ug­run­da mun­dan öň­ki 2 ýa­ry­şyň fi­nal­çy­la­ry – Ar­gen­ti­na bi­len Çi­li du­şu­şyp, oýun uly wa­ka­la­ra baý bol­dy. 12-nji mi­nut­da Ague­ro­nyň, 22-nji mi­nut­da-da Di­ba­la­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­la­nan Ar­gen­ti­na­nyň su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si 37-nji mi­nut­da gy­zyl kart al­dy. Ol şol pur­sat­da çi­li­li ýa­rym­gorag­çy Ga­ri Me­del bi­len itek­le­şe­ni üçin pa­rag­waý­ly emin Ma­rio Di­az de Wi­war 2 oýun­ça-da gy­zyl kart gör­kez­di. Mes­si kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 2-nji ge­zek gy­zyl kart alyp, ol öňem mil­li to­pa­ry­nyň Bra­zi­li­ýa bi­len ge­çi­ren oý­nun­da meý­dan­ça­dan çy­ka­ry­lyp­dy. Oý­nuň 2-nji ýa­ry­myn­da-da Ar­tu­ro Wi­dal 59-njy mi­nut­da bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs urup, to­pa­ry­ny umyt­lan­dyr­dy. Ýö­ne ga­lan mi­nut­lar­da skor­bord­da­ky ha­sap üýt­ge­me­di. Ne­ti­je­de, 2-1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy 5-nji ge­zek bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Oýun­dan soň, Lio­nel Mes­si­niň yk­ly­myň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy CON­ME­BOL hem-de emin­ler ba­ra­da­ky aýd­ýan­la­ryn­dan soň, oňa 2 ýyl­lyk hal­ka­ra ýa­ryş­lar­dan daş­laş­dyr­mak (Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy üçin) ba­ra­da je­ri­me be­ril­me­gi müm­kin diý­lip ha­bar be­ril­di.
Çem­pio­na­tyň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, Bra­zi­li­ýa­nyň ka­pi­ta­ny Da­ni Al­weş saý­lan­dy. Ewer­ton bi­len Pao­lo Gu­er­re­ro 3 gol ge­çi­rip, çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li fut­bol­çy­la­ry bol­dy. “Fa­ir Play” baý­ra­gy­ny alan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň der­we­ze­çi­si Al­li­son “Al­tyn el­lik” sy­la­gy­na la­ýyk gö­rül­di.