Rus­si­ýa­nyň “Prem­ýer” li­ga­sy­nyň tä­ze 28-nji möw­sü­mi düýn baş­la­dy. Ho­wa şert­le­ri se­bäp­li ara­kes­me­si uzak do­wam ed­ýän­di­gi üçin ir baş­la­ýan çem­pio­nat­da ýe­ne-de 16 klub çy­kyş eder. To­par­lar­dan di­ňe “Ru­bin” tä­lim­çi­si­ni tä­ze­läp, ka­zan­ly­lar Gur­ban Ber­di­ýe­wiň or­nu­na Ro­man Şa­ro­no­wy we­zi­pä bel­le­di. “Ze­ni­tiň” ýeň­şi bi­len ta­mam­la­nan çem­pio­na­tyň bu möw­sü­min­de-de çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy da­laş­gä­ri Ser­geý Se­ma­gyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Sankt-pe­ter­burg­ly­lar ha­sap­lan­ýar. Su­per ku­bo­gy eýe­län “Lo­ko­mo­tiw”, şol san­da Mosk­wa­nyň SSKA, “Spar­tak” to­par­la­ry bi­len bir ha­tar­da, “Kras­no­dar” klu­by-de öň­dä­ki orun­la­ryň esa­sy da­laş­gär­le­ri bo­lar­lar.
Çem­pio­na­tyň tä­ze to­par­la­ry “Tam­bow” bi­len “So­çi” klub­la­ry bo­lup, iki­si-de “Prem­ýer” li­ga­da il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder­ler. “Ýe­ni­seý” we “An­ži” to­par­la­ry ge­çen möw­süm­de soň­ky orun­la­ry eýe­läp, 2-nji li­ga dü­şüp­di­ler. Çem­pio­nat­da­ky 16 to­pa­ryň 11-si­ne ýer­li rus tä­lim­çi­le­ri, şeýle-de Tä­ji­gis­tan­dan 2, Be­la­rus­dan, Uk­rai­na­dan hem-de Ga­ra­dag­dan 1 tä­lim­çi to­par­la­ra tä­lim be­rer.