Ýew­ro­pa­nyň par­la­men­ti Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­nen Ur­su­la fon der Lýa­ýe­niň da­laş­gär­li­gi­ni tas­syk­la­dy. Şeý­le­lik­de, ol Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň il­kin­ji ze­nan ýol­baş­çy­sy bol­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­nym Ur­su­la fon der Lýa­ýe­ne Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li Gut­lag ha­ty­ny we oňa iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýol­la­dy.
“Biz Türk­me­nis­tan­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry­my­za ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris hem-de ýo­la goý­lan kö­pu­gur­ly we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi we pug­ta­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gut­la­gyn­da bel­le­ýär.
Bu ýa­kym­ly müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­na tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we aba­dan­çy­lyk, şeý­le hem ýo­ka­ry, jo­gap­kär­li tä­ze we­zi­pe­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­r ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän hem-de se­bit we se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de yla­laş­dy­ry­jy­lyk kuw­wa­ty­ny gör­kez­ýän stra­te­gik hyz­mat­daş bolan Türk­me­nis­tan bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Se­bit­de we dün­ýä­de dur­nuk­ly ösüş üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len dö­re­di­ji­lik­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýar. Go­laý­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Da­şa­ry iş­ler we howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li ha­nym Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni ýur­du­myz­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­pa­ryň çäk­le­rin­de “Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Atom ener­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Ýew­ro­pa jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da­ky We­ki­li­ýe­ti­ni dö­ret­mek hem-de onuň ar­tyk­maç­lyk­la­ry we go­rag­ly­ly­gy ha­kyn­da” Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­na iter­gi be­rer.

ÝEW­RO­PA KO­MIS­SI­ÝA­SY­NA TÄ­ZE ÝOL­BAŞ­ÇY
Ýew­ro­pa par­la­men­ti­niň we­kil­le­ri Stras­burg­da­ky mas­la­ha­tyn­da Ur­su­la fon der Lýa­ýe­ni Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ol Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry edarasynyň baş­ly­gy Žan-Klod Ýun­ke­riň ýe­ri­ne ge­çer.
– Si­ziň ma­ňa bil­di­ren yna­my­ňyz, bi­te­wi we güýç­li Ýew­ro­pa bo­lan yna­my­ňy­zyň be­ýa­ny­dyr. Bu uly jo­gap­kär­çi­lik bo­lup, me­niň işim hä­zir­den baş­lan­ýar – di­ýip, Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy.
Ur­su­la fon der Lýa­ýe­niň da­laş­gär­li­gi döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iýun sam­mi­tin­de öňe sür­lüp­di. Şon­da oňa 383 we­kil ses ber­di. Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy esa­sy üç frak­si­ýanyň – hris­ti­an de­mok­rat­la­ryň, so­sia­list­le­riň hem-de li­be­ral­la­ryň gol­da­wy­na eýe bol­dy.
Ol Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň il­kin­ji ze­nan baş­ly­gy­dyr. Ur­su­la fon der Lýa­ýen öňü­miz­dä­ki bäş ýyl­da Brýus­se­liň mer­ke­zin­dä­ki Ber­le­mon bi­na­syn­da iş­lär. Ol bu şä­her­de 1958-nji ýyl­da do­gul­ýar, ene di­lin­den baş­ga iň­lis we fran­suz dil­le­ri­ni bil­ýär. Soň­ky ýyl­lar Ur­su­la fon der Lýa­ýen An­ge­la Mer­ke­liň fe­de­ral hö­kü­me­tin­de go­ran­mak mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň tä­ze ýol­baş­çy­sy
ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­lar:
* Ur­su­la fon der Lýa­ýen Brýus­sel­de dün­ýä inip, şol ýer­de-de ula­lyp­dyr. Ka­ka­sy bel­li ger­man sy­ýa­sat­çy­sy bo­lup, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň dü­zü­min­de iş­le­di hem-de bu ýur­duň HDB par­ti­ýa­sy­nyň we­ki­li­dir.
* Ger­ma­ni­ýa­nyň ozal­ky go­ran­mak mi­nist­ri Ur­su­la fon der Lýa­ýen bi­li­mi bo­ýun­ça luk­man. Gan­no­wer­dä­ki ýo­ka­ry luk­man­çy­lyk mek­de­bi­ni ta­mam­la­dy. Gan­no­wer­dä­ki uni­wer­si­te­te de­giş­li sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­ke­zin­de iş­le­di we şol şä­her­dä­ki ýo­ka­ry luk­man­çy­lyk mek­de­bin­de mu­gal­lym­çy­lyk et­di. Onuň ýan­ýol­da­şy Heý­ko fon der Lýa­ýen hem luk­man. Olaryň 7 çagasy bar.
* Ur­su­la fon der Lýa­ýen sy­ýa­sy dur­mu­şy­na 40 ýa­şyn­da ga­dam bas­dy. Ol 1990-njy ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Hris­ti­an-de­mok­rat bi­le­le­şi­gi par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Par­ti­ýa­nyň dü­zü­min­de köp ugur­lar­da zäh­met çek­di. Soň­ra Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­di.
* Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­me­tiň dü­zü­min­de mi­nistr­likleriň 3-üsinde iş­le­di. 2005-nji ýyl­da ol maş­ga­la, garrylar, ze­nan­lar we ýaş­lar bo­ýun­ça mi­nistr we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Soň­ra zäh­met mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de iş­le­di. 2014-nji ýyl­da bolsa Ger­ma­ni­ýa­nyň go­ran­mak mi­nist­ri bol­dy.
* Ol Ger­ma­ni­ýa­nyň hem il­kin­ji ze­nan go­ran­mak mi­nist­ri bol­dy.
* Ur­su­la fon der Lýa­ýen Ger­ma­ni­ýa­nyň iň ta­ny­mal sy­ýa­sat­çy­la­ry­nyň bi­ri­dir. Dür­li ýyl­lar­da ýer­li met­bu­gat­da onuň ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär bol­jak­dy­gy ba­ra­da ma­ka­la­lar çap edil­di. Şeý­le hem ol An­ge­la Mer­ke­liň hem orun­tu­ta­ry hök­mün­de gör­ke­zil­di.
* Ur­su­la fon der Lýa­ýen 60 ýa­şyn­da.