Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak, olary bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek işlerine yzygiderli üns berilýär. “Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik mümkinçiligini has doly açmagyna ýardam edýän durmuş gurşawynyň döredilmegindäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň möhüm ugry bolup durýar.
Diýarymyzyň çar künjünde gurlup ulanmaga berilýän saglyk desgalary, sport toplumlary, dürli seýilgähler ynsan saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eseri dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösmeginde mynasyp orny eýeleýändigi bilen tapawutlanýar. Köp jiltlik eseriň dünýäniň dürli ýurtlarynyň diline terjime edilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda ösýän melhem ot-çöpleriň dünýä halklarynda gyzyklanma döretmegi ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň eserinde melhem otlaryň ösýän ýerleri, dermanlyk häsiýetleri, olaryň taýýarlanylyşy, ulanylyşy barada giňişleýin düşündiriş berilmegi onuň gymmatyny artdyrýar.
15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullanyp, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň 11-nji jildini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz ylmy işinde dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden hem-de dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullaryny salgy berýär. Şeýle hem bu ýerde şolaryň häsiýetleri, aýratynlyklary, ösüp ýetişýän ýerleri, tebigy gory, dermanlyk çig malynyň görnüşleri we himiki düzümi barada takyk hem-de doly maglumatlar berilýär. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenistanda tebigy baýlyklarymyzy oýlanyşykly peýdalanmak, mähriban tebigatymyzy goramak we baýlaşdyrmak, ony geljekki nesillerimize köpöwüşginliliginde hem-de gözelliginde ýetirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar jemlenen döwlet Baştutanymyzyň iri göwrümli ylmy işi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin esasy gollanmalaryň biridir.
Bu düýpli eseriň täze jildiniň hem peýdaly we isleg bildirilýän maglumatlaryň gymmatly çeşmesine öwrülip, halkymyzda we daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlyga eýe boljakdygy gürrüňsizdir, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, köp sanly keselleriň öňi alyndy. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürildi. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen şygar bilen umumymilli derejede köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bäsleşiklerini geçirmek däbe öwrüldi.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň aýgytly ýolunda ilkinji nobatda, ýurdumyzyň saglyk ulgamynyň kanunçylyk binýady pugtalandyryldy. Saglygy goraýyş pudagynyň esasy ugurlaryny hem-de wezipelerini kadalaşdyryjy “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky”, “Radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky”, “Agyz suwy hakyndaky”, “Dermançylyk işi we derman üpjünçiligi hakyndaky” ýaly Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyryldy. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde çagalaryň we eneleriň saglygynyň goralmagy üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen “Ene mähri” merkezleri işläp başlady.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap şypahanalar gurlup ulanmaga berildi. Olarda halkara derejesinde lukmançylyk hyzmatlary durmuşa ornaşdyrylýar.
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA
HALKARA HYZMATDAŞLYGY
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, daşary ýurtlar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklary barha ilerleýär. Saglygy goraýyş boýunça bu hyzmatdaşlyk Germaniýa, Ýaponiýa, Awstriýa, ABŞ, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Belarus, Türkiýe we beýleki döwletler bilen ýola goýlup, barha giňeldilýär. Milli Liderimiziň daşary ýurtlara bolan döwlet, resmi we iş saparlarynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň arasynda saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk hem ilkinjileriň hatarynda durýar we onuň ilerlemegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Germaniýa bilen saglygy goraýyş ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyň berk düýbi tutuldy.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler, bu ugurdaky tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda hem köp sanly halkara forumlardyr maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa bu gurama agza döwletlerden saglygy goraýyş ulgamyna degişli bilermenler we hünärmenleriň köp sanlysy gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz bu mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, öz raýatlarynyň saglygy hakynda hem hemişe uly alada edýär. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler ösdürilýär. Geçirilen bu işler ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi. Döwrebap usullar bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijesinde bolsa raýatlarymyzda saglyk barada täze düşünjeler kemala geldi” diýlip bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli lukmançylyk pudagy hil taýdan täze derejelere çykdy. Milli saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar, toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, ony dünýä ölçegleriniň we häzirki zaman talaplarynyň ýokary derejesine çykarmaga itergi berýär. Durmuşa ornaşdyrylýan işleriň netijesinde, birnäçe howply keselleriň öňüniň alynmagynda gowy netijeler gazanyldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy halkara guramalary tarapyndan Türkmenistan çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde kabul edildi. Ýurdumyz temmäki tüssesinden azat ýurtlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda köp sanly ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky halkara şahadatnamalar Türkmenistanyň milli lukmançylyk pudagynyň gazanýan üstünlikleriniň jedelsiz ykrarnamasyna öwrüldi.
Belent ynsanperwer ýörelgeler, saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esasynyň pugtalandyrylmagy, şäherlerde we obalarda lukmançylygyň ähli derejelerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda ösdürilmegi, bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň – lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary ýurtlaryň köp sanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalaryň hormatly akademigi, professory hem-de doktory hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň aýratynlyklarydyr.