Hytaýyň dünýä belli kommunikasiýa kompaniýasy “Huawei” öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda Italiýada 3,1 milliard dollar maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirip, täze iş orunlarynyň 1 müňüsini döretmegi meýilleşdirýär. Hytaýyň bu kompaniýasy 15 ýyldan bäri Italiýanyň bazarynda işläp gelýär.
Kompaniýa uly möçberdäki maýa goýumyň 1,9 milliard dollaryny dürli enjamlaryň toplumlaryny satyn almaga, 1,2 milliard dollaryny marketing we bazar amallaryna hem-de 52 million dollaryny bolsa, ylmy-barlag maksatnamalaryna sarp etmegi göz öňünde tutýar.
“Huawei” kompaniýasynyň Italiýadaky şahamçasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Tomas Miao Italiýanyň hökümeti bilen gowy gatnaşyklary saklaýandyklaryny mälim etdi. Kompaniýanyň bu ýurtdaky şahamçasynda 850 adam işleýär. Kompaniýanyň özüniň täze merkezi edara binasyny şu ýylyň başynda Milan şäherinde açdy.
Hytaýyň kompaniýasynyň täze maýa goýum taslamasy Italiýada ýokary tizlikli 5G internet ulgamynyň hem ornaşdyrylmagyny öz içine alýar. “Huawei” kompaniýasy 5G ulgamyna degişli enjamlary işläp taýýarlamakda we olary daşary ýurt bazaryna ýerlemekde Hytaýyň ZTE, Finlýandiýanyň “Nokia”, Şwesiýanyň “Eriksson” we Koreýanyň “Samsung” kompaniýalary bilen bir hatarda öňdebaryjy 5 iri şereketiň biridir.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan hem-de “akylly” telefon önümçiliginde hem öňdäki orunlary eýeleýän bu kompaniýa 2019-njy ýylyň ahyryna çenli 260 million sany smartfon satmagy meýilleşdirýär.