Sin­ga­pur dün­ýä­niň iň go­wy port şä­he­ri hök­mün­de al­ty ýyl bä­ri yz­ly-yzy­na yk­rar edi­lip ge­lin­ýär. “Sin­hu­a” ha­bar­lar gul­lu­gy we Bal­ti­ka bir­ža­sy ta­ra­pyn­dan dü­zü­len hal­ka­ra gä­mi gat­na­wy­nyň ösü­şi­niň gör­ke­zi­ji­si­niň tä­ze­le­nen reý­tin­gi Sin­ga­pu­ryň “The Straits Ti­mes” ga­ze­tin­de ne­şir edil­di. “Sin­ga­pur gä­mi gat­na­wy­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy bo­ýun­ça öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ynam­ly gör­kez­ýär, şeý­le hem, bro­ker­lik (del­lal­çy­lyk) hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni sak­lap gel­ýär” diý­lip, dün­ýä­niň 42 port şä­he­ri bel­li­ge al­nan reý­ting­de mä­lim edil­ýär. Bal­ti­ka bir­ža­sy­nyň Azi­ýa şa­ham­ça­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Lu Su Lin hal­ka­ra are­na­syn­da Sin­ga­pur por­tu­nyň stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­di. – Bu port ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şin­de ile­ri tu­tul­ýan or­ny eýe­le­ýär. Şo­nuň üçin ýur­duň hö­kü­me­ti de­ňiz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ry­na aý­ra­tyn çe­me­leş­me­gi ze­rur­dyr – di­ýip, ol aýt­dy.
Her ýyl mä­lim edil­ýän reý­tin­giň ikin­ji or­nu­ny Gon­kong eýe­läp, reý­tin­giň aw­tor­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Pe­ki­niň “Bir gu­şak – bir ýol” tas­la­ma­sy hem-de “Uly aý­lag” tas­la­ma­sy ar­ka­ly bu se­bit­de uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Gon­kong, Ma­kao we Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň do­kuz şä­he­ri gir­ýän se­bit­de teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, in­no­wa­si­ýa­la­ryň we yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­niň has ösen mer­ke­zi ke­ma­la gel­ýär. Bu tas­la­ma HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň 11 şä­he­ri hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm in­no­wa­si­on mer­ke­ze öwür­mek ba­ra­da­ky mak­sat­la­ryn­dan göz­baş alyp gaýd­ýar. Bi­ler­men­le­riň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, 2035-nji ýy­la çen­li “Uly aý­la­gyň” je­mi içer­ki önü­mi iki es­se ar­typ, 3,2-den 4,1 tril­li­on dol­la­ra ýe­ter. 69 mil­li­on ilat­ly, meý­da­ny 56 müň ine­dör­dül met­re deň bo­lan bu se­bit HHR-iň iň ösen se­bi­ti bo­lup, ýur­duň mil­li gir­de­ji­si­niň 12 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.
Üçün­ji or­ny bi­rin­ji de­re­je­li bro­ker we ma­li­ýe hyz­mat­la­ry üçin Lon­don eýe­läp, onuň yz ýa­nyn­dan hem Şan­haý we Du­baý gel­ýär.
Hal­ka­ra gä­mi gat­na­wy­nyň ösü­şi­niň gör­ke­zi­ji­si uly şä­her­le­riň port, ma­li­ýe we trans­port hyz­mat­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp dü­zül­ýär.

Maral SAPAROWA,
Türkmenbaşy şäherindäki
Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.