Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni görlüp-eşidilmedik öňegidişliklere, özgerişlere we uly rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, edara binalaryň döwrebaplygy aýratyn kaşaňlygy bilen tapawutlanýar.
Ola­ry ulan­mak­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek hök­ma­ny şert­le­riň bi­ri­dir. Ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek, il­kin­ji no­bat­da, ra­ýat­la­ry­my­za bag­ly­dyr. Hä­zir Di­ýa­ry­myz­da to­mus pas­ly do­wam ed­ýär. Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Öý­den bir ýe­re ug­ra­man­kaň, iş ýe­rin­den gaýt­maz­dan öň elekt­rik, gaz en­jam­la­ry­ny öçür­me­gi ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­dir. Öý­ler­de, eda­ra jaý­la­ryn­da ýan­gyn howp­ly su­wuk­lyk­la­ry, gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan bo­ýag­la­ry, gaz bal­lon­la­ry sak­la­mak örän howp­lu­dyr. Kuw­wat­ly elekt­rik sarp edi­ji en­jam­la­ryň en­çe­me­si­ni bir bi­rik­di­ri­jä çat­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ry öý­de ýe­ke go­ýup git­mek nä­dog­ru­dyr, ju­da ze­rur­lyk ýüze çy­kan ha­la­tyn­da ot­lu­çö­pi, çak­ma­gy, şeý­le-de, ça­ga­nyň oýun­jak edip oý­naý­jak ýan­gyn howp­ly zat­la­ry ola­ryň eli ýet­mez ýa­ly ýer­de giz­läp go­ýul­ma­ly­dyr. Dur­muş­da ula­nyl­ýan en­jam­la­r iş­le­dil­ýär­kä gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy köp­lenç ha­lat­lar­da ýan­gy­nyň döremegine se­bäp bol­ýar. Ulu­lar ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni äh­li maş­ga­la ag­za­la­ry­na, ça­ga­la­ra dü­şün­dir­me­li­dir­ler. Bir ýa­na ug­ra­maz­dan öňin­çä, öýüň içi­ni göz­den ge­çir­mek­li­gi unut­ma­ly däl, bar bo­lan elekt­rik bi­rik­di­ri­ji­le­riň boş­lu­gy­na, elekt­rik en­jam­la­ry­nyň öçük­di­gi­ne göz ýe­tir­me­li. Aş­ha­na­ny göz­den ge­çi­re­ni­ňiz­de gaz, elekt­rik pe­ji­ni öçür­me­li. Ja­ýy göz­den ge­çir­mek köp wag­ty­ňy al­ýan iş hem däl. Şeý­le gö­zeg­çi­li­giň en­di­ge öw­rül­me­gi si­ziň ýa­şa­ýan öýü­ňi­ziň howp­suz­ly­gy­ üçin zerurdyr.
Döw­le­ti­mi­ziň gym­mat­ly baý­ly­gy bo­lan, elekt­rik we ma­wy ýan­gyç­dan tyg­şyt­ly peý­da­la­nyň! Gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan elekt­rik-gaz bi­len iş­le­ýän en­jam­la­ra üns­li hem aýaw­ly çe­me­leş­me­giň si­ziň öm­rü­ňi­ziň, sag­ly­gy­ňy­zyň hem öý-ojak­la­ry­ňy­zyň aba­dan­ly­gy­nyň ke­pi­li­di­gi­ni ýat­dan çykarmaň!

Mu­ham­met­dur­dy Dur­dy­ýew,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň
Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň 100-nji
har­by­laş­dy­ry­lan ýan­gyn howp­suz­lyk
bö­lü­mi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry,
içer­ki gul­lu­gyň ma­ýo­ry.