Hy­ta­ýyň eme­li aň ba­za­ry­nyň möç­be­ri 71 mil­liard ýua­na (10,3 mil­liard dol­lar) ýe­ter. Bu ba­ra­da “Sin­hua” ha­bar­lar agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Hy­ta­ýyň In­ter­net jem­gy­ýet­çi­li­gi eda­ra­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2018-nji ýy­lyň ahy­ry­nda berlen maglumatlara görä, Hy­taý­da eme­li aň ug­ry bo­ýun­ça iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň sa­ny 3341-e deň bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji tu­tuş dün­ýä­dä­ki bu ug­ra de­giş­li 15916 kär­ha­na­nyň bäş­den bi­ri­ni eme­le ge­tir­ýär.
Geçen ýyl Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin eme­li aň dü­şün­je­si­ne has iç­gin ara­la­şyp, onuň yk­dy­sa­dy­ýe­te da­hyl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak ba­bat­da iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni tab­şy­ryp­dy. Mu­nuň ýur­duň mun­dan soň­ky ösü­şi­ne go­şant goş­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Hy­ta­ýyň “Hy­taý­da ön­dü­ril­di-2025” döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de eme­li aňa mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mak­sat­na­mada önüm­çi­li­gi aw­to­ma­tlaşdyryp, teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti eme­li aňy ös­dür­me­gi esa­sy ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de kes­git­läp, 2030-njy ýy­la çen­li bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy bol­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ýurt­da eme­li aň ug­ry ýo­ka­ry dep­gin­de ös­dü­ril­ýär. Ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da eme­li aň esa­syn­da san­ly te­lea­lyp­ba­ry­jy iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dy. Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ýur­duň mek­dep­le­rin­de eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ba­bat­da ýö­ri­te ders­le­riň oka­dyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.