Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda: ”Bilim umumy bähbitler bilen her bir raýatyň bähbidiniň goşulyşmagynyň, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan ösüşiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolmagynda galýar” diýip parasatlylyk bilen bellemegi, kämil bilimiň we ylmyň döwrebap ösüşleriň binýadydygy baradaky hakykata anyk hem özboluşly many çaýýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly möçberli serişdeler gönükdirilýär. Bilim ulgamynyň hili we many-mazmuny halkara ölçeglere kybap getirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw-terbiýeçilik işi yzygiderli kämilleşdirilýär.
Soňky ýyllarda iň täze döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň birnäçesi döredildi. Milli bilim ulgamynda gazanylan ýokary netijeleri önümçilige ornaşdyrmak, ylmy-tehniki, innowasion tehnologiýalar baradaky halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şonuň netijesinde bolsa, ýurdumyzda kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak baş maksat bolup durýar.
Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösdürilmegi, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly elýeterli üpjün edilmegi bu ugurdaky işleriň has çalt depginlerde öňe ilerlemegine mümkinçilik döredýär. Bilim ojaklarynda döredilýän sanly bilim ulgamy elektron poçta, resminama, uzak aralykdan geçirilýän dürli bäsleşikleri, olimpiadalary, maslahatlardyr forumlary özünde jemleýär. Elektron maglumat çeşmesine birikmegiň elýeterliligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem yzygiderli ýokarlanýar. Ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi bolsa, barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijelerini berýär.
Nurymyrat Nuryýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.