Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Beýik Britaniýada geçirilip, Silwerstoundaky “Gran Pride” 1-2-nji ýerleri “Mercedes” toparynyň sürüjileri eýelediler. 2-nji hatardan ýaryşa goşulan Lýuwis Hamilton Silwerstoun şäheriniň adybir (306,198 km) trassasynda geçirilen ýaryşda 306,198 kilometr aralygy, başgaça aýdylanda, 52 aýlawy 1 sagat 21 minut 08,452 sekunt görkeziji bilen tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 80-nji ýeňşi boldy. Şu möwsümde-de çempionlyga ymtylýan Hamilton bu ugurda 91 ýeňşi bolan Mihail Şumaherden soň, 2-nji hatarda barýar. “Mercedes” toparynyň sürüjisi Britaniýa “Gran Prisinde” 6-njy gezek birinji ýeri eýeläp, bu ugurda Jim Klark we Alen Prostdan öňe saýlandy. Ýaryşda 2-nji ýere birinji hatardan bat alan finlýandiýaly Wolterri Bottas mynasyp boldy. Ol topardaşy Hamiltondan 24,98 sekunt soň yza galdy. Soňky ýaryşlarda ussatlyk görkezen monakoly ýaş sürüji, “Ferrari” toparynyň wekili Şarl Lekler münberiň üçünji basgançagyna çykdy. Tamamlanan 10-njy “Gran Priden” soň, sürüjileriň sanawynda 223 utuk toplan Hamilton 1-nji orunda barýar. 184 utukly Bottas 2-nji, “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappen 136 utuk bilen 3-nji hatarda barýar. “Ferrari” toparynyň sürüjileri Sebastian Wettel (123 utuk) bilen Şarl Lekler (120) degişlilikde, 4–5-nji ýerleri paýlaşýarlar. Möwsümiň indiki “Gran Pri” ýaryşy Germaniýada 28-nji iýulda geçiriler.