Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde geçirilýän suw sportlary boýunça 18-nji Dünýä çempionatynyň bir hepdesi tamamlandy. Açyk suwda ýüzmek, sinhronlaýyn ýüzmek, suwa bökmek boýunça ýaryşlar ertir jemlener. Suwa bökmek boýunça şu wagta çenli gowşurylan 10 altyn medalyň ählisini hem bu ugruň öňdebaryjylary hasaplanýan hytaýly türgenler eýeledi. Olar 10 altyn medalyň üstüni 2 kümüş we 1 bürünç medal bilen ýetirdiler. Galan 3 altyn medaly-da hytaýlylaryň almagyna garaşylýar. Sinhronlaýyn ýüzmekde ýene-de russiýaly gyzlara taý tapylmady. Olar şu wagta çenli geçirilen 7 ýaryşyň 6-synda altyn medala mynasyp boldular. Swetlana Kolesniçenko bilen Swetlana Romaşina jübütleýin bäsleşiklerde tapawutlanan türgenler bolup, olaryň hersi aýratynlykda ýekeleýin ýaryşda-da ýeňiş gazandylar. Olimpiadanyň çempionlary, Dünýäniň ençeme gezek çempiony bolan atdaş türgenleriň ikisi-de boýunlaryna ýene-de 3 altyn medal dakdylar. Açyk suwda ýüzmek boýunça 5 we 10 kilometre ýüzmekde erkekleriň arasynda degişlilikde, wengriýaly Kristof Rasowski bilen germaniýaly Florian Welbrok ýeňiş gazandy. Zenanlardan bolsa, braziliýaly Ana Marsela Kunýa bilen hytaýly Sin Sin münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Toparlaýyn ýaryşda bolsa, Germaniýa altyn, Italiýa kümüş, ABŞ bürünç medala mynasyp boldy. Waterpol ýaryşlarynyň dowam edýän çempionatynda suwda ýüzmek bäsleşiklerine ertir badalga berler.