Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäheriniň menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina – Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina – Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, taýýarlanylan taslama biziň döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna netijeli logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň güýzünde ulanylmaga berlen Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň birinji halkasy bolup durýar.
Şu ýol açylmazdan ozal, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda daşalýan ýükleriň ählisi Serhetabat – Turgundy we Kelif – Termez – Mazari – Şarif demir ýol geçelgeleri arkaly gelip gowuşýardy. Bu demir ýolunyň ähmiýeti täze logistik ýollaryň birikdirilmegi bilen has-da artar.
Häzirki döwürde Türkmenistan we Owganystan goňşy ýurduň çäginde bu ýoluň gurluşygyny dowam etmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Bu gezekki çäre hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde, Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar we şunda biziň maddy serişdelerimiziň – işçilerimiziň, inženerlerimiziň, tehnikalarymyzyň, şol sanda ulaglarymyzyň we kranlarymyzyň, gurluşyk serişdelerimiziň we beýlekileriň netijeli ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris.
Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen araçäge çenli uzaltmak, soňra Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy netijesinde, goňşy ýurduň “Demirgazyk – Günorta” we “Gündogar – Günbatar” ugurlar boýunça Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülmek üçin ajaýyp mümkinçiligi peýda bolýar.
Lebap welaýatynyň Ymamnazar menzilinden goňşy ýurda tarap Akina – Andhoý demir ýol şahasyny gurmak üçin zerur bolan döwrebap tehnikalar we gurluşyk serişdeleri ýüklenen wagonlar ugrady.
Owgan tarapynyň wekilleri ýurduň ýolbaşçylarynyň hem-de tutuş owgan halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize we doganlyk türkmen halkyna Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli goldaw we kömek berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alnyp, Owganystan Yslam Respublikasyna kömek bermek maksady bilen, Aşgabatdan goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwer ýüküň uly tapgyry ýüklenen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy. Şol awtoulag kerweni hem Owganystan Yslam Respublikasyna geldi. Muzdsuz kömek hökmünde doganlyk owgan halkyna derman hem-de lukmançylyk maksatly serişdeler, dokma önümleri we çagalar üçin niýetlenen egin-eşikler, okuw kitaplary we esbaplary, süýji-köke we beýleki önümler ugradyldy. Ýurdumyzyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar hem-de Dokma senagaty ministrlikleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu ynsanperwerlik çäresini taýýarlamaga saldamly goşantlaryny goşdular.
Mundan başga-da, Türkmenistan möhüm taslamalaryň birnäçesiniň, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek, Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça taslamalary yzygiderli amala aşyrýar. TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýän Owganystan özüniň oba hojalyk önümlerini ýerlemek üçin goşmaça bazarlary we söwda-üstaşyr ýollary işjeň gözleýär. Şeýlelikde, Akina – Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döretmäge mümkinçilik berer, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açar.