Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze ösüş belentliklerine çykdy. Milli lukmançylyk pudagynyň gazananlary hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, ýurdumyzda keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň kämil usullary netijeli ornaşdyryldy. Lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy.
Bu ugurda gazanylýan üstünliklere halkara guramalary tarapyndan ýurdumyza yzygiderli gowşurylýan güwänamalar hem şaýatlyk edýär. Şu ýyl hem Milli immunizasiýa maksatnamasy arkaly ýurdumyzda çagalara sanjym etmegiň ýokary görkezijilerini goldamak ugrunda çykyş edýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine ÝUNISEF-niň güwänamasy gowşuryldy.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de wagyz-nesihatçysy bolan hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk ylmyna degişli ýazan kitaplary uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplar dünýä lukmançylygynyň kämil eserlerine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 11-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ylmy işi ýurdumyzyň diňe derman senagaty ylmyny däl-de, eýsem, dünýäniň fitoterapiýasyny ösdürmäge hem uly goşandyny goşdy. Elbetde, täze neşir lukmançylyk işinde asyrlar boýy dowam edip gelýän däpleri hem-de döwrebap innowasiýalary utgaşdyrmak bilen bir hatarda, tebigy çig maldan ýokary netijeli dermanlyk serişdelerini döretmek boýunça işe itergi berýär. Kitabyň 11-nji jildi milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesi bolup durýar, şeýle hem ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ynsanperwer hem-de ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek işine hyzmat edýär.
Dünýäniň dürli dillerinde ençeme nusgalarda çap edilen dermanlyk ösümlikler we halk tebipçilik ensiklopediýasynyň ozalky kitaplary daşary ýurtly okyjylarynyň millionlarçasynyň türkmen halkynyň köpasyrlyk durmuş tejribesi we däpleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi peşgeş berdi. Çünki, bu iş diňe bir hünärmenleriň belli bir toparyna niýetlenen monografiýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistana oňat düşünmäge, tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýan halky bolan bu bereketli ülkäni söýmäge ýardam edip biljek işdir. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaby bolsa, ýurdumyzda dürli lukmançylyk ugurlarynyň hünärmenleri üçin gollanma bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki işiniň kitaplarynda Türkmenistanyň nurly güneşiniň, tämiz arassa howasynyň täsirinde ösýän ösümlikleriň ýüzlerçesiniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, tebigy goragy, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy we ulanylyşy barada doly maglumatlar getirilýär. Türkmen topragynyň çogly güneşiniň we tenekär howasynyň täsiri bilen kemala gelýän ösümliklerimiziň düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp biologik işjeň maddalar köp mukdarda saklanýar. Kitaplarda dermanlyk ösümlikleriň güllerini, miwelerini, baldaklaryny we köklerini ýygnamagyň senenamasy berilýär. Şeýle-de dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň möwsümleri, ony saklamagyň usullary we kadalary, ekologiýa ähmiýeti barada giňişleýin ýazylandyr. Häzirki wagtda derman öndürýän kärhanalar birleşiklerinde işleriň köpüsi hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işine esaslandyrylandyr.