Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da şä­her­gur­lu­şyk pu­da­gy bo­ýun­ça dür­li döw­re­bap hem-de kä­mil tas­la­ma­lar dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Soň­ky dö­wür­ler­de köp san­ly ýurt­da “akyl­ly şä­her” ug­ry bo­ýun­ça giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýan bol­sa, Hy­taý­da to­kaý zo­lak­ly ýa-da to­kaý bi­len şä­he­riň öza­ra saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýän döw­re­bap tas­la­ma­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.
Hy­ta­ýyň Lýusz­ýan der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky Lýuç­žou şä­he­rin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi hem-de daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin dün­ýä­niň il­kin­ji to­kaý şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär.
Dür­li agaç­lar bi­len do­lu­ly­gy­na gur­şal­jak gel­je­giň to­kaý şä­he­ri her ýyl ho­wa­da­ky kö­mürtur­şy ga­zy­nyň 10 müň ton­na­sy­ny we ho­wa­ny ha­pa­la­ýan dürli zyýanly maddalaryň 57 ton­na­sy­ny özü­ne çek­mä­ge, şol bir wagt­da 900 ton­na möç­be­rin­de kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lar.
175 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän bu şä­her 30 müň ýa­şaý­ja ni­ýet­le­nen­dir. Tä­ze şä­he­riň tas­la­ma­syn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len bir ha­tar­da dynç alyş zo­la­gy, has­sa­ha­na, 2 sa­ny mek­dep we işe­wür­lik et­rap­ça­la­ry dö­re­di­ler. Mun­dan baş­ga-da ýo­ka­ry tiz­lik­li elektro otlylar üçin niýetlenen de­mir ýo­l çekiler.
Şä­he­ri al-ýa­şy­la bü­re­mek üçin 40 müň agaç we 1 mil­li­on tö­we­re­gi ösüm­lik ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ri­ler. Şeý­le hem bu to­kaý şä­he­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny “ýa­şyl” ener­gi­ýa­dan alar, mu­nuň üçin Gün pa­nel­le­ri otur­dy­lar. To­kaý şä­he­riniň se­bi­tiň ho­wa­sy­nyň gyz­gyn­ly­gy­nyň pe­sel­me­gi­ne hem öz go­şan­dy­ny goş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Bu tas­la­ma Hy­taý üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Onuň gur­lu­şy­gy­ny 2020-nji ýyl­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.