Öňü­miz­dä­ki ýyl­dan baş­lap, sy­ýa­hat­çy­lar ýyl­da iki ge­zek kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Ame­ri­ka­nyň kos­mos gä­mi­le­ri bi­len 2020-2021-nji ýyl­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne sy­ýa­hat­lar ama­la aşy­ry­lar. Bu uçuş­lar “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nilip dü­zü­len “Crew Dra­gon” hem-de “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Star­li­ner” en­jam­la­ry bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. ABŞ-nyň Kos­mos eda­ra­sy bo­lan NA­SA-nyň ma­li­ýe iş­le­ri bo­ýun­ça di­rek­to­ry Jeff De­wi­diň aýt­ma­gy­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy üçin Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ama­la aşy­ryl­jak bir aý­lyk uçuşyň ba­ha­sy 59 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lar. Bir aý­lyk il­kin­ji uçu­şy 2020-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Soň­ra 2021-nji ýy­lyň mar­tyn­da we aw­gus­tyn­da şeý­le uçuş­lar ýo­la goý­lar. Her bir kos­mos gä­mi­si­niň älem gi­ňiş­li­gi­ne 3 sy­ýa­hat­ça çen­li äkit­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lar.
Hä­zi­re çen­li sy­ýa­hat­çy­lar Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne di­ňe Rus­si­ýa­nyň “So­ýuz” kos­mos gä­mi­si bi­len ba­ryp bil­ýär­di. 2001-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Space Adven­tu­res” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne 7 sy­ýa­hat­çy äki­dil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ame­ri­ka­ly Çarls Si­mo­ni iki ge­zek git­di. Sy­ýa­hat­çy­lar­dan “So­ýuz” gä­mi­si bi­len sy­ýa­hat et­mek üçin dür­li ýyl­lar­da 25 bi­len 50 mil­li­on dol­lar ara­ly­gyn­da hyz­mat tö­le­gi ka­bul edil­di.