“Ni­ke” fir­ma­sy­nyň 1972-nji ýyl­da ön­dü­ren sport aýak­ga­by “Sot­he­by’s” söw­da öýün­de 437,5 müň dol­la­ra sa­tyl­dy. Ol bu ugur­da tä­ze re­kor­da eýe bol­dy. “Mo­on Shoe” diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu sport aýak­ga­by “Ni­ke” fir­ma­sy hem-de ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň yl­ga­mak gör­nü­şi­niň tä­lim­çi­si Bill Ba­ur­man ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Söw­da öýün­de sa­ty­lan şol aýak­ga­by­ň baş­lan­gyç ba­ha­sy 160 müň dol­lar­dy. Söw­da sa­tu­wyn­da onuň ba­ha­sy 437,5 müň dol­la­ra çen­li ba­ryp ýet­di. Ony Maýls Na­dal adyn­da­ky kol­lek­sio­ner sa­tyn al­dy. Ol bu aýak­ga­by özü­niň hu­su­sy mu­ze­ýin­de goý­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
1972-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýun­hen şä­he­rin­de ge­çi­ri­len XX to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­a gatnaşan tür­gen­le­r üçin şu görnüşli sport aýakgabynyň bary=ýogy 12 jü­bü­ti taý­ýar­lanyp­dy.