Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li çem­pio­na­tyn­da 2-nji ýa­ry­myň, has ta­ky­gy, 3-nji aý­la­wyň du­şu­şyk­la­ry­na 6-njy aw­gust­da ba­dal­ga ber­ler. Şol gün “Al­tyn asyr” to­pa­ry Aş­ga­bat­da “Ne­bit­çi” bi­len du­şu­şar. Çem­pi­on­lyk ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan “Şa­ga­dam” öz meý­dan­ça­syn­da “Mer­wi” ka­bul eder. Öň­de­ba­ry­jy­dan 2 utuk yz­da bar­ýan, 3-nji ha­tar­da­ky “Ahal” 7-nji aw­gust­da paý­tag­ty­my­zyň ady­bir to­pa­ry “Aş­ga­bat” bi­len öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Hä­zir­ki wagt­da to­par­la­ry­my­z ýur­du­my­zyň çä­gin­de, da­şa­ry ýurt­lar­da tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni ýo­ka­ry dep­gin­de alyp bar­ýar­lar. To­par­la­ry­myz bir­nä­çe ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­ny ge­çir­di­ler, ge­çir­mek­le­ri­ni do­wam ed­ýär­ler.
Naý­ba­şy ku­bo­gy
Ýur­du­my­zyň çem­pio­ny “Al­tyn asyr” bi­len ku­bo­gyň eýe­si “Kö­pet­dag” to­par­la­ry 3-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Naý­ba­şy ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da­ky du­şu­şyk­da öza­ra güýç sy­na­ny­şar­lar. Bu du­şu­şyk paý­tag­ty­myz­da­ky “Nu­saý” sta­dio­nyn­da oý­na­lar. 2005-nji ýyl­dan bä­ri gow­şu­ryl­ýan Naý­ba­şy ku­bo­gy şu wag­ta çen­li iň köp “Al­tyn asyr” to­pa­ry ga­zan­dy. Soň­ky 4 ýyl­dan bä­ri ku­bo­gy eýe­läp gel­ýän “Al­tyn asyr­dan” soň, “Ne­bit­çi” bi­len ozal­ky HTTU to­par­la­ry 3 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. “Ahal”, “Aş­ga­bat” hem-de “Merw” to­par­la­ry-da 1 sa­par Naý­ba­şy ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di­ler.
6-njy aw­gust: “Al­tyn asyr”–“Ne­bit­çi”,
“Ener­ge­tik”–“Kö­pet­dag”, “Şa­ga­dam”–“Merw”,
7-nji aw­gust: “Ahal”–“Aş­ga­bat”.
9-njy aw­gust: “Kö­pet­dag”–“Şa­ga­dam”,
10-njy aw­gust: “Al­tyn asyr”–“Ahal”, “Ne­bit­çi”–“Merw”,
11-nji aw­gust: “Aş­ga­bat”–“Ener­ge­tik”.