Mü­sür­de ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça Af­ri­ka Mil­let­ler ku­bo­gyn­da Al­ži­riň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Alžiriň ýygyndysy Kai­rdäki “Hal­ka­ra” sta­di­on­da oý­na­lan fi­nal­da Se­ne­ga­lyň milli topary bi­len du­şuş­dy. Oýna kamerunly Sidi Alium eminlik etdi. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Al­ži­riň ýy­gyn­dy­sy güýç­li gar­şy­da­şy­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. De­mir­ga­zyk af­ri­ka­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 2-nji mi­nut­da Bag­dad Bu­ne­jah ge­çir­di. Onuň uzak ara­lyk­dan uran bat­ly ur­gu­sy se­ne­gal­ly go­rag­çy­la­ryň bi­ri­ne de­gip, der­we­ze­çi­niň üs­tün­den to­ra gir­di. Şon­dan soň, se­ne­gal­ly fut­bol­çy­lar ha­sa­by deň­le­jek bo­lup ta­gal­la ba­ry­ny et­di­ler. Olar bir­nä­çe howp­ly pur­sat­lar­dan peý­da­la­nyp bil­me­di. Ne­ti­je­de, du­şu­şyk il­kin­ji mi­nut­lar­da ge­çi­ri­len go­luň hasabyna 1–0 ta­mam­lan­dy. Bu ýe­ňiş al­žir­li fut­bol­çy­la­ryň Af­ri­ka Mil­let­ler ku­bo­gyn­da­ky 2-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar mun­dan 29 ýyl ozal, ýag­ny 1990-njy ýyl­da Ni­ge­ri­ýa­ny 1–0 ha­sa­byn­da utup­dy­lar. Al­ži­riň ýy­gyn­dy­sy 1980-nji ýyl­da­ky fi­nal­da bol­sa, Ni­ge­ri­ýa­dan 3–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di. Se­ne­ga­lyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň we­ki­li 2002-nji ýyl­da­ky ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da Ka­me­run bi­len du­şu­şyp­dy. Şon­da esa­sy wag­ty 0–0 gu­ta­ran oýun­da pe­nal­ti­ler­den soň, 3–2 ha­sa­byn­da Ka­me­run ýeň­şi­ni baý­ram edip­di. Af­ri­ka Mil­let­ler ku­bo­gyn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan Al­ži­riň ýy­gyn­dy­sy­na 4,5 mil­li­on dol­lar, fi­nal­çy Se­ne­ga­la bol­sa, 2,5 mil­li­on dol­lar pul baý­ra­gy be­ril­di.
Iki to­par şu wag­ta çen­li Af­ri­ka Mil­let­ler ku­bo­gyn­da 5-nji ge­zek du­şu­şyp, Al­žir 4-nji ge­zek gar­şy­da­şy­ny ýeň­me­gi ba­şar­dy. . Umu­my­lyk­da Al­žir bi­len Se­ne­gal 23-nji ge­zek du­şu­şup, fi­nal du­şu­şy­gy de­mir­ga­zyk­ly­la­ryň 14-nji ýeň­şi diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Se­ne­gal Al­žir­den hä­zir­ki gü­ne çen­li 4 du­şu­şyk­da üs­tün çy­kyp­dy.
3-nji ýer üçin oý­na­lan oýun­da Ni­ge­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Tu­ni­siň mil­li to­pa­ry­ny 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ta­ry­hyn­da 8-nji ge­zek 3-nji ýe­ri eýe­län Ni­ge­ri­ýa­nyň ýe­ke-täk pök­gü­si­ni 3-nji mi­nut­da Odion Ig­ha­lo der­we­zä gi­riz­di.
Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, Al­ži­riň ýa­rym­go­rag­çy­sy Is­ma­el Ben­na­ser saý­lan­dy. Ýa­ry­şyň iň ök­de ýaş fut­bol­çy­sy hem saý­la­nan Ben­na­ser 3 go­luň pa­sy­ny ber­di. 5 ge­zek ta­pa­wut­la­nan ni­ge­ri­ýa­ly Odion Ig­ha­lo çem­pio­na­tyň iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­sy bol­dy.