“For­bes” žur­na­ly ýy­lyň iň gym­mat­ly sport klub­la­ry­nyň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Her ýyl yg­lan edil­ýän sa­naw­da şu ýyl hem bi­rin­ji­li­gi ame­ri­kan fut­bo­ly to­pa­ry “Dal­las Kow­boýs” eýe­le­di. 5 mil­liard dol­lar­lyk gym­ma­ty bo­lan klub 2016-njy ýyl­dan bä­ri sa­naw­da iň öň­dä­ki or­ny eýe­läp gel­ýär. 4,6 mil­liard dol­lar­lyk gym­ma­ty bo­lan “Nýu Ýork Ýan­kiz” beýs­bol to­pa­ry 2-nji ýe­re my­na­syp bol­dy. 3-nji bas­gan­çak­da “Re­al Mad­rid” fut­bol to­pa­ry­nyň ady bar. Is­pan klu­bu­nyň gym­ma­ty 4,2 mil­liard dol­la­ra deň­dir. 4-nji orun­da “Rea­lyň” eze­li bäs­de­şi “Bar­se­lo­na” bo­lup, ka­ta­lon klu­by üçin bel­le­nen ba­ha 4,04 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dedir. Sa­naw­da 5-nji ýe­ri Nýu Ýork şä­he­ri­niň baş­ga bir to­pa­ry, “Nýu Ýork Niks” bas­ket­bol kluby eýe­le­di. Ýyl­dyz bas­ket­bol­çy­la­ryň çy­kyş ed­ýän to­pa­ry­nyň gym­ma­ty 4 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. Il­kin­ji on­luk­da­ky 3-nji fut­bol klu­by “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” to­pa­ry­dyr. 3,81 mil­liard dol­lar­lyk gym­ma­ty bo­lan klub 6-njy ha­tar­dan sa­na­wa go­şul­dy. 7–8–9–10-njy orun­lar­da­ky to­par­la­ryň iki­si ame­ri­kan fut­bo­ly­, beý­le­ki iki­si-de bas­ket­bol klub­la­ry­dyr.
26-sy amerikan futbolyna wekilçilik edýär
Iň gym­mat­ly sport klub­la­ry­nyň sa­na­wyn­da öň­dä­ki 50 to­pa­ryň 26-sy spor­tuň ame­ri­kan fut­bo­ly gör­nü­şi­ne we­kil­çi­lik ed­ýär­ler. Ola­ryň 9-sy beýs­bol, 8-si fut­bol, 7-si hok­keý to­par­la­ry­dyr. Il­kin­ji on­luk­da dün­ýä­niň iň uly şä­her­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Nýu Ýork­dan 3 to­pa­ryň bol­ma­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Şeý­le-de fut­bol klub­la­ryn­dan “Ba­wa­ri­ýa” 17-nji (3,02 mil­liard dol­lar), “Man­çes­ter Si­ti” 25-nji (2,69 mil­liard dol­lar), “Çel­si” 32-nji (2,58 mil­liard dol­lar), “Ar­se­nal” 42-nji, (2,27 mil­liard dol­lar), Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň soň­ky çem­pio­ny “Li­wer­pul” 45-nji (2,18 mil­liard dol­lar) ha­tar­da bar­ýar.
Dün­ýä­niň iň gym­matly sport klub­la­ry:
“Dal­las Kow­boýs” (ame­ri­kan fut­bo­ly) – 5 mil­liard dol­lar
“Nýu Ýork Ýan­kiz” (beýs­bol) – 4,6 mil­liard dol­lar
“Re­al Mad­rid” (fut­bol) – 4,2 mil­liard dol­lar
“Bar­se­lo­na” (fut­bol) – 4,04 mil­liard dol­lar
“Nýu Ýork Niks” (bas­ket­bol) – 4 mil­liard dol­lar
“Man­çes­ter Ýu­naý­ted” (fut­bol) – 3,81 mil­liard dol­lar
“Nýu Ing­lend Pat­riots” (ame­ri­kan fut­bo­ly) – 3,8 mil­liard dol­lar
“Los An­je­les Leý­kers” (bas­ket­bol) – 3,7 mil­liard dol­lar
“Gol­den Steýt War­riors” (bas­ket­bol) – 3,5 mil­liard dol­lar
“Nýu Ýork Ja­ýents” (ame­ri­kan fut­bo­ly) – 3,3 mil­liard dol­lar