Ýene-de laýyk 1 ýyldan geçiriljek Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlarynda gowşuryljak medallaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiadanyň medallary ozal ulanylan el telefonlarynyň gaýtadan işlenilmegi esasynda ýasaldy. Ekologiki aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu medallaryň önümçiliginde aýratynam halkyň uly goşandy boldy. Olar ozal ulanylan 6,2 million sany el telefonyny topladylar. Şol telefonlaryň böleklerinden 32 kilogram altyn, 3,5 tonna kümüş hem-de 2,2 tonna bürünç metal alyndy. Şol metallar bolsa, Olimpiýa oýunlary döwründe paýlanyljak 5000 medalyň önümçiliginde ulanyldy. 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlary geljek ýylyň 24-nji iýuly — 9-njy awgusty aralygynda Tokio şäherinde geçiriler.