“Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” agent­li­gi­niň ho­wa gä­mi­le­ri içer­ki gat­naw­lar­dan baş­ga-da, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň on­lar­ça şä­he­ri­ne yzy­gi­der­li uçuş­la­ry ama­la aşyr­ýar. Uçuş ugur­la­ry­nyň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa men­zil­le­ri
geo­gra­fi­ýa taý­dan ýer­le­şi­şi we yk­dy­sa­dy nuk­daý­na­zar­dan hem üs­ta­şyr gat­naw­lar üçin aý­ra­tyn amat­ly ýag­da­ýa eýe­dir, şun­da uçar­lar ýur­du­my­zyň çä­gin­de go­nan­da ola­ra de­giş­li de­re­je­de teh­ni­ki hyz­mat edil­ýär.
Mu­nuň özi bol­sa, türk­men ho­wa men­zil­le­ri­niň ýurt­la­ry we yk­lym­la­ry bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­niň hal­ka­ra ul­ga­my­nyň mö­hüm mer­kez­le­ri hök­mün­dä­ki or­nu­ny şert­len­dir­ýär.
Şu me­se­le­de Türk­me­nis­tan di­ňe bir se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak bi­len çäk­len­me­ýär. Il­ki bi­len has giň – yk­ly­ma­ra yk­dy­sa­dy bäh­bit­ler üçin ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýän öz ulag-üs­ta­şyr gat­naw­la­ry­nyň, şol san­da ho­wa gat­naw­la­ry­nyň müm­kin­çi­li­gin­den ugur al­ýar.
Türk­me­nis­tan ra­ýat awia­si­ýa­sy ul­ga­myn­da iş­le­ri ka­da­laş­dyr­ýan hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­lar bo­ýun­ça öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny üýt­gew­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýär, ho­wa gä­mi­le­ri­niň hem-de ho­wa men­zil­le­ri­niň howp­suz­ly­gy, uçar­man­la­ryň hem-de ýe­rüs­ti iş­gär­le­riň ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­lap­la­ry­ny berk ber­jaý ed­ýär.
Bu ba­bat­da IKAO – Ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy ýa­ly Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lup dur­ýan dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Bu gu­ra­ma­nyň hü­när­men­le­ri bi­len ho­wa men­zil­le­ri­ni hem-de ho­wa gä­mi­le­ri­niň ugur­la­ry­ny do­lan­dyr­ma­gyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ho­wa ýol­la­ryn­da howp­suz­ly­gyň düz­gün­le­ri­ni ulan­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si ba­ba­tyn­da yzy­gi­der­li du­şu­şyk­lar we ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­ýär, hä­zir­ki­ za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Bu ne­ti­je­li hem-de yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­lyk öz ne­ti­je­si­ni ber­ýär we bu ul­gam­da beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär, mu­nuň özi üs­tün­lik­li ösü­şiň hök­ma­ny şer­ti hök­mün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gy­jy­dyr.
EACA – ho­wa uçuş­la­ryn­da howp­suz­lyk bo­ýun­ça Ýew­ro­pa agent­li­gi bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le hem we­ki­li­ýet­le­ri öza­ra alyş­mak yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa ýol­la­ry dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri de­giş­li gu­ra­ma­la­ryň iri fo­rum­la­ry­na gat­naş­ýar­lar, şol gu­ra­ma­la­ryň bi­ler­men­le­ri türk­men ho­wa ýol­la­ry bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy ba­ba­tyn­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re, ho­wa men­zil­le­ri­mi­ziň en­jam­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler.
Bu giň ge­rim­li hem-de yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler hem Türk­me­nis­ta­nyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk üçin açyk­dy­gy­nyň, ra­ýat awia­si­ýa­sy ul­ga­myn­da beý­le­ki döw­let­ler hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.