Rowaçlyk! Bu nurana sözi eşiden dessiňe, kalbyňa ýakymly duýgular dolýar. Çünki, ýagşy niýetleriň, halal işleriň rowaçlanmagy jemgyýetde sagdynlygy, durmuşda abadançylygy kemala getirýär. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” rowaçlyk sözüniň üstünlik, oňaýlylyk, şowlulyk ýaly manylary aňladýandygy nygtalýar. Halk arasynda il-ýurt bähbitli belent maksatlar tutulanda, şol döwletli işleriň rowaç bolmagy arzuw edilipdir. Başyna baran işiň rowaçlanmagy – onuň şowlulygyny, oňuna bolmagyny aňladypdyr. Rowaçlyk sözüniň üstünlik, şowlulyk ýaly ýetilen sepgitleri, gazanylýan ýeňişleri aňlatmagy, onuň durmuşda ähmiýetlidigini subut edýär.
2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi, ähli watandaşlarymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu ýyl halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýan, Berkarar döwletimiziň uly rowaçlyklara beslenýän ýyllarynyň biri bolar.
Güller açýan ýurdumyzy rowaçlyklaryň, ösüşleriň, belent maksatlaryň Watanyna öwren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, belent maksatlary hemişe rowaç alsyn!
Agamyrat Babaýew,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazysy.