Ame­ri­kan alym­la­ry gü­ne­ba­kar çi­gi­diniň gar­ramagy ha­ýal­lad­ýan­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Onuň düzüminde ýag­la­ry köý­dü­ri­ji wi­ta­min­ler sak­lan­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ol öm­ri uzald­ýar, ju­wan­ly­gy go­ra­ýar we sag­ly­gy ber­kid­ýär. Gü­ne­ba­kar çi­gi­din­de ka­liý we mag­niý sak­la­nyp, olar ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny hem-de de­ri­niň çe­ýe­le­li­gi­ni go­ra­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar. Luk­man­lar çi­gi­diň ate­rosk­le­roz­da, ba­gyr ke­sel­le­rin­de we öt hal­ta­sy­nyň ýol­la­ryn­da­ky nä­saz­lyk­lar­da has-da peý­da­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Gü­ne­ba­kar çi­gi­din­de E wi­ta­mi­ni bo­lup, de­ri­niň gar­ra­ma­gy­ny ha­ýal­lad­ýar. Onuň dü­zü­min­dä­ki sink saç­la­ryň ösü­şin­de we düý­bü­niň ber­ke­me­gin­de peý­da­ly­dyr. Şeý­le hem ol özü­niň has ýo­ka­ry ka­lo­ri­ýa­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.