For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Ger­ma­ni­ýa­ “Gran Pri­­sin­de” Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji bol­dy. Ýa­gyş se­bäp­li bir­nä­çe çak­ny­şyk bo­lan ýa­ry­şy­ 7 sü­rü­ji ta­mam­lap bil­me­di. “Hok­ken­haým­ring” tras­sa­syn­da ge­çen ýa­ryş­da 64 aý­la­wy 1 sa­gat 44 mi­nut 31,275 se­kunt­da ta­mam­lan “Red Bull Racing Hon­da” to­pa­ry­nyň gol­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen 1-nji or­ny eýe­le­di. Bu onuň şu ýyl­ky 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 7-nji ýeň­şi­dir. Mün­be­riň 2-n­ji bas­gan­ça­gy­na “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ne­mes sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Wet­tel çyk­dy. Iň soň­ky ha­tar­dan baş­lan us­sat sü­rü­ji­niň öz jan­kö­ýer­le­ri­niň öňün­de gör­ke­zen ta­gal­la­sy ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­sa-da, ol to­ma­şa­çy­lar­dan uly al­kyş al­dy. “To­ro Ros­so” to­pa­ry­nyň rus­si­ýa­ly sü­rü­ji­si Da­niýl Kwýat pel­le­ha­na­dan 3-nji bo­lup geç­me­gi ba­şar­dy. Ýaş sü­rü­ji kar­ýe­ra­syn­da 2-nji ge­zek hor­mat mün­be­ri­ne mün­di.
Bäs­le­şi­ge il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan umu­my sa­na­wyň li­de­ri Lýu­wis Ha­mil­ton ýa­ry­şy 11-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy. Ýö­ne ýa­ry­şyň ta­mam­la­nan gü­nü­niň er­te­si bäs­le­şi­gi 7–8-nji ha­tar­da ta­mam­lan “Al­fa Ro­meo” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri – Ki­mi Ra­ik­ko­nen bi­len An­to­nio Jo­wi­naz­zi­niň je­ri­me al­ma­gyn­dan soň, Ha­mil­ton 2 bas­gan­çak öňe süýş­di. Ne­ti­je­de, ýat­dan çyk­ma­jak bu ýa­ryş­da Lans Stroll, Kar­los Saýns, Alek­san­der Al­bon, Ke­win Mag­nus­son, Lýu­wis Ha­mil­ton hem-de Ro­bert Ku­bi­sa 4–10-njy ýer­le­ri eýe­le­di­ler.
Ge­çi­ri­len 11 ýa­ryş­dan soň, 225 utuk top­lan Ha­mil­to­nyň li­der­li­gi do­wam ed­ýär. Bu ýa­ry­şy utuk­syz ta­mam­lan Walt­te­ri Bot­tas 2-nji (184 utuk), Maks Wers­tap­pen 3-nji (162) ha­tar­da bar­ýar. “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri Se­bas­ti­an Wet­tel bi­len Şarl Lek­ler de­giş­li­lik­de, 141 we 120 utuk top­lap, 4–5-nji ýer­le­ri paý­laş­ýar­lar. Möw­sü­miň in­di­ki ýa­ry­şy 4-nji aw­gust­da Weng­ri­ýa­da ge­çi­ri­ler.