Soň­ky wagt­lar­da meş­hur­ly­gy bar­ha art­ýan e-sport bo­ýun­ça ABŞ-nyň Nýu Ýork şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fort­ni­te” Dün­ýä Ku­bo­gyn­da 16 ýa­şyn­da­ky ame­ri­ka­ly Kaýl Jirs­dorf ýe­ňiş ga­zan­dy. “Bug­ha” ady bi­len çy­kyş eden ýaş tür­gen fi­nal­da “Mez­mur” at­ly tür­gen­den 59 utuk öňe saý­lan­dy. Şeý­le­lik­de, ame­ri­ka­ly ýaş tür­ge­ne ýe­ňi­ji hök­mün­de 3 mil­li­on dol­lar pul baý­ra­gy be­ril­di. 2-nji ýe­ri eýe­län 24 ýa­şyn­da­ky Har­ri­son “Psalm” Çen bol­sa, 1,8 mil­li­on dol­lar­lyk pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Gat­na­şan her tür­ge­niň 50 müň dol­lar alan çem­pio­na­ty soň­ky wagt­lar­da baý­rak gaz­na­sy iň ýo­ka­ry bo­lan ýa­ryş­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Umu­my baý­rak gaz­na­sy 30 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan çem­pio­na­ta 95 oýun­çy gat­naş­dy.
Günsa­ýyn ýaý­ra­wy gi­ňe­ýän we iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na hem go­şul­ýan e-sport oýun­la­ry bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. 2017-nji ýyl­da meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­lan “Fort­ni­te” oý­nu­ny “Epic Ga­mes” şe­re­ke­ti ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl­da gym­ma­ty 15 mil­liard dol­la­ra çen­li ýe­tir­di. “Fort­ni­te” hä­zir­ki wagt­da oýun ba­za­ryn­da “Electro­nic Arts Inc” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Apex Le­gends” hem-de “Tencent Hol­dings Ltd” şe­re­ke­ti­niň “Playe­rUnk­nown’s” we “Batt­leg­rounds” oýun­la­ry bi­len esa­sy bäs­deş ha­sap­lan­ýar.
“Fort­ni­te” Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­niň iň esa­sy ten­nis ýa­ry­şy “Wimb­le­don”-yň çem­pio­nyn­dan hem köp pul baý­ra­gy­ny al­ma­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Fort­ni­te” Dün­ýä Ku­bo­gy­ umu­my baý­rak gaz­na­sy iň ýo­ka­ry e-sport ýa­ry­şy ha­sap­lan­ýar. Ýö­ne onuň öň­de­ba­ry­jy­ly­gy uzak git­me­se ge­rek. Aw­gust aýy­nyň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek “Do­ta 2” oý­ny bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek “The In­ter­na­tio­nal” ýa­ry­şy­nyň baý­rak gaz­na­sy 31 mil­li­on dol­la­ra go­laý bo­lar.
Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, e-sport­lar dün­ýä bel­li şe­re­ket­le­riň ma­ýa go­ýum­la­ry­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­jak meý­dan­ça­sy bol­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Aý­ra­ty­n-da ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da giň­den ýaý­ra­ýan e-sport­la­ryň mun­dan soň has-da meş­hur­ly­gy­nyň art­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ge­çi­ril­jek ýa­ryş­la­ryň ma­li­ýe ba­bat­da-da, me­de­ni, aň-dü­şün­je ba­bat­da-da ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.