8-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Az wagt­dan soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň uça­ry Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­de gon­dy. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Ha­za­ryň ke­na­ryn­da zäh­met rug­sa­dyn­da bol­ýan hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gar­şy­la­dy­lar.
Ho­wa men­zi­lin­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na ta­rap ugur al­dy we ýo­lug­ra bu aja­ýyp kün­jek­de dynç al­mak üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, bu ýer­de dynç al­ýan­la­ra hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­la­ryň üs­ti dür­li ky­sym­ly we­lo­si­ped­le­ri kä­ren­de­si­ne ber­mek hyz­ma­ty bi­len ýe­ti­ril­di. “Awa­za­nyň” çäk­le­rin­de we­lo­si­ped­le­ri kä­ren­de­si­ne ber­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe be­ket dö­re­dil­di, ola­ryň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­my we bu ýer­de gur­na­lan ýö­ri­te en­jam Gün ba­ta­re­ýa­la­ryn­dan alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň ha­sa­by­na iş­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz be­ket­le­ri iş­let­me­giň ula­nyl­ýan usu­ly­ny oň­lap, be­ket­le­ri eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na do­ly ky­bap gel­ýän “Eko­we­lo­si­ped be­ke­di” di­ýip at­lan­dy­ryl­sa mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ky ýyl­lar­da spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa diý­lip yk­rar edi­len spor­tuň bu gör­nü­şi­niň bar­ha uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hyz­mat­la­ryň şeý­le gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­la goý­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Bu ýer­de ila­ta edil­ýän hyz­mat­lar üçin hä­zir­ki za­man tö­leg ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek, mu­nuň özi ola­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem-de peý­da­la­ny­jy­lar üçin amat­ly şert­le­riň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Mil­li Li­de­ri­miz be­ket­le­ri iş­let­me­giň hem-de ola­ra be­ril­ýän müm­kin­çi­lik­ler ba­ra­da­ky me­se­lä ün­si çe­kip, we­lo­si­ped­li ýo­lu­ny do­wam et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­lug­ra gi­dip bar­şy­na «Awa­za­nyň» eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­ri, onuň çäk­le­rin­de dö­re­dil­ýän gök zo­lak­la­ry gi­ňelt­mek, se­ýil­gäh­le­ri aba­dan­laş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bo­ýun­ça we­lo­si­ped sü­rüp bar­şy­na we­lo­si­ped­de gur­na­lan en­ja­myň kö­me­gi bi­len be­ket­de ag­ty­gy Ke­ri­miň dö­re­den “Ýa­şa, Türk­me­nis­tan! Be­dew ba­dy bi­len di­ňe öňe!” di­ýen tä­ze saz ese­ri­ni diň­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, dynç al­mak üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gin­de şeý­le aja­ýyp saz­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir, köp­ýyl­lyk tej­ri­be­den gör­nü­şi ýa­ly, saz ada­ma oňyn tä­sir ed­ýär, onuň ru­hu­ny gö­ter­ýär, sa­gal­dyş çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni güýç­len­dir­ýär. Ke­rim Berdimuhamedowyň tä­ze saz ese­ri öň­ki dö­re­den bir­nä­çe şu­nuň ýa­ly saz eser­le­ri bi­len bi­le­lik­de diň­leý­ji­le­riň kal­byn­da mä­hir­li orun tut­ýar. Bu bol­sa öz işi­niň us­sat­la­ryn­dan sa­pak alan Ke­ri­miň dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­ny ynam­ly kä­mil­leş­dir­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa­nyň ha­bar ber­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ag­ty­gy Ke­ri­miň dü­zen sa­zy­na aý­dym dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.
Mil­li Li­de­ri­miz de­ňiz şy­pa­ha­na­syn­da dynç al­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, dynç al­ýan­la­ra hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­lar top­lu­my­ny üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz “Eko­we­lo­si­ped be­ket­le­rin­de” hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le hem şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň sport ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, bu ýer­de köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek hem-de dynç al­ýan­la­ry köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mek bo­ýun­ça iş­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Wa­tan­çy» myh­man­ha­na­sy­nyň çä­gi­ne ge­lip, öz we­lo­si­pe­di­ni bu ýer­de gur­na­lan “Eko­we­lo­si­ped be­ke­din­de” goý­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­ko­wa ýüz­le­nip, içe­ri iş­ler dü­zü­min­de po­li­si­ýa­nyň eko­we­lo­si­ped to­pa­ry­ny dö­ret­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bu to­pa­ry her ýyl sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” bi­raý­ly­gy­nyň do­wa­myn­da, şeý­le hem mek­dep­ler­de we ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da gu­ral­ýan şo­nuň ýa­ly çä­re­ler­de dü­şün­di­riş – wa­gyz iş­le­ri gör­nü­şin­de peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk bo­lar.
TÄ­ZE KOT­TEJ­LER
TOP­LU­MY GUR­LAR
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz se­bit­le­ri ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de, hu­su­san-da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Şun­da, esa­san, kot­tej gör­nüş­li tas­la­ma­lar hö­dür­le­nil­ýär, ola­ry ke­nar­ýa­ka­da bi­na et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär, bu ýer­de bi­na­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da anyk dü­şün­je al­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ril­ýär, dür­li çyz­gy­lar we taslamalar gör­ke­zil­ýär.
Gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan bi­na­la­ryň ha­ta­ryn­da kot­tej gör­nüş­li jaý­lar, suw aras­sa­laý­jy des­ga, ça­ga­lar we ulu­lar üçin suw how­dan­la­ry bo­lan ýö­ri­te myh­man­ha­na­lar, to­mus­ky res­to­ran bar. Bu tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­na yna­ny­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, top­lu­myň umu­my meý­da­ny 10 gek­ta­ra deň bo­lup, on­da ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da ýa­şa­mak hem-de dynç al­mak üçin has amat­ly şert­ler dö­re­di­ler. Kot­tej top­lu­myn­da je­mi 768 ada­ma ni­ýet­le­nen 192 otag ýer­leş­di­ri­ler. Mun­dan baş­ga-da, onuň çä­gin­de türk­me­niň “ak öýi” gör­nü­şin­dä­ki des­ga gur­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, olar iş­le­nip dü­zü­len­de ýer­li te­bi­ga­tyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ha­sa­ba alyn­ma­ly­dyr hem-de adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bir ha­tar­da, eko­lo­gi­ýa me­se­le­si hem üns­den dü­şü­ril­me­li däl­dir di­ýip bel­le­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz şu­nuň ýa­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da ola­ry ulan­ma­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hö­dür­le­ni­len tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­ly­gy­ny ta­mam­lap, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça sa­tyn al­nan tä­ze gä­mi­ni syn­la­mak üçin ýo­lu­ny do­wam et­di, bu gä­mi “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň gä­mi­ler top­lu­my­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Ol sy­ýa­hat­çy­lar we dynç al­ýan­lar üçin de­ňiz ge­ze­lenç­le­ri­ni gu­ra­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.
Tä­ze gä­mi­ni gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy mil­li däp-des­sur­la­ra la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy. Öň­den gel­ýän ada­ta la­ýyk­lyk­da, oňa un se­pil­di, ala­ja da­ňyl­dy, ü­zär­li­giň tüs­se­si be­ril­di. “Ro­waç” diý­len ady alan gä­mi­niň ýa­nyn­da sak­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň ka­pi­ta­ny­nyň ha­sa­ba­ty­ny ka­bul et­di. Mil­li Li­de­ri­miz ka­pi­ta­ny tä­ze gä­mi­niň ge­lip go­wuş­ma­gy bi­len gut­lap, şow­ly ýü­züş ar­zuw et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gä­mi­niň deň­ze çyk­ma­gy­na ak pa­ta be­rip, egin­deş­le­ri bi­len gä­mä mün­di we de­ňiz­de ge­ze­lenç et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi ösüş we aba­dan­çy­lyk ýo­ly bi­le ynam­ly öňe bar­ýan Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hyn­da ýe­ne bir mö­hüm sa­hy­pa­ny aç­dy, ägirt uly üs­tün­lik­le­riň we be­lent sep­git­le­riň be­ýa­ny­na öw­rül­di. De­ňiz tol­kun­la­ry­ny ba­tyr­gaý böw­süp geç­ýän bu aja­ýyp gä­mi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gä­mi­de ýü­züş wag­tyn­da bu kün­jek­de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.