Hazar–dostluk hem hyzmatdaşlyk deňzi
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bar­ha gö­zel­leş­ýän “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ry­nyň, işe­wür mas­la­hat­la­ryň we mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň üns mer­ke­zin­de du­ran esa­sy wa­ka­la­ryň bi­ri­dir.
Bu hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak, iri tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek, Ha­zar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki or­ny we Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ryn­da iri ma­ýa go­ýum taý­dan özü­ne çe­ki­ji­li­gi ha­kyn­da pi­kir alyş­ma­la­ryň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.
2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­ta­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­ ka­bul e­di­ldi. Bu res­mi­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri gol çek­di­ler.
Sam­mit­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky hö­kü­me­ta­ra Yla­la­şy­ga, Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga, Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga we ter­ror­çy­ly­ga, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek hem-de ser­het eda­ra­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky tes­wir­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.
Ta­rap­lar Ha­zar­da sy­ýa­hat­çy­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mek, me­de­ni alyş­ma­la­ry, me­dia­fo­rum­la­ry, ýaş­la­ryň du­şu­şyk­la­ry­ny hem-de sport bäs­le­şik­le­ri­ni gu­ra­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Bu du­şu­şyk dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň ses­len­me dö­ret­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş hem “Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi uly şat­lyk­ly ha­bar­dyr we bu ta­ry­hy yla­la­şyk se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi taý­dan iň­ňän mö­hüm­dir” di­ýip ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
V Ha­zar sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­tan­da bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­di. Bu fo­ru­myň sam­mit­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek­de mö­hüm tap­gyr bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di.
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da ge­çi­ril­jek bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň baş­lan­jak gün­le­ri bar­ha ýa­kyn­laş­ýar. Fo­ru­myň işi­ne Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň, hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, bi­ler­men­le­riň, işe­wür to­par­la­ry­nyň, yl­my iş­gär­le­riň, hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň, işe­wür­le­riň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň köp san­ly­sy­nyň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Yk­dy­sa­dy fo­rum­da işe­wür­le­riň ara­syn­da du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­ler, yla­la­şyk­lar bag­la­şy­lar. Fo­ru­ma di­ňe bir Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň däl, eý­sem, dün­ýä­niň çar kün­jün­den myh­man­la­ryň gat­naş­jak­dy­gy­ny göz öňün­de tut­sak, on­da fo­ru­myň işe­wür­ler­dir te­le­ke­çi­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy hem ikuç­syz­dyr.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­ýän gün­le­rin­de Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da iki sa­ny iri möç­ber­li hal­ka­ra ser­gi­si­niň ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň bi­ri “Hal­ka­ra Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar” ser­gi­si, ikin­ji­si “Türk­men säh­ra – 2019” at­ly hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si­dir. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy hem-de “Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bu ser­gi­ler, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan ösüş­le­ri dün­ýä ýaý­ma­ga, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, bu ugur­da iň hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öw­ren­mä­ge hem-de dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik be­rer.

“Hal­ka­ra Ha­zar in­no­wa­si­on
teh­no­lo­gi­ýa­lar” ser­gi­si
“Hal­ka­ra Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar” ser­gi­sin­de Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň mil­li ser­gi pa­wil­ýon­la­ry bi­len bir­lik­de, dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­let­le­ri­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hem-de hu­su­sy pu­dak­la­ry­nyň ga­za­nan­la­ry gör­ke­zi­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Tür­ki­ýä­niň, Be­la­ru­suň, Fran­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gol­lan­di­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Finl­ýan­di­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri bar. Ýur­du­my­zyň ser­gi pa­wil­ýon­la­ryn­da im­port we eks­port ha­ryt­la­ry gör­ke­zi­ler, ola­ry da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

“Türk­men säh­ra – 2019”
hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si
Ýur­du­my­zyň iň bir gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­jek “Türk­men säh­ra – 2019” at­ly hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­sin­iň çäklerinde dün­ýä bel­li aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­maga, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mäge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­ler. Ser­gä dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň eks­po­zi­si­ýa­la­ryn­da tä­ze, ýe­ňil, ýo­lag­çy we ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň, şeý­le hem aw­tou­lag­la­ry be­jer­mek üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­ni­ka­la­ryň, aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gy­nyň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, aw­to we elekt­ro­ni­ka dün­ýä­sin­dä­ki tä­ze ha­ryt­la­ryň, dün­ýä bel­li aw­tou­lag te­ker­le­ri­niň, ýan­gyç-ýag­la­ýyş önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri gör­ke­zi­ler. “Türk­me­naw­tou­lag­la­ry” agent­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­jek hal­ka­ra aw­tou­lag ser­gi­si­ne dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň 20-den gow­ra­gy gat­na­şar. Ola­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­tan­da res­mi şa­ham­ça­la­ry iş­le­ýän BMW, “Mercedes”, “Toyo­ta”, “Hy­un­dai” ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­lar hem bar. Ser­gi­de kom­pa­ni­ýa­la­ryň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry gör­ke­zi­ler.