Her bir baý­ram bag­ty­ýar­ly­gyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýan hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si­ne eg­sil­mez şat­lyk, ka­na­gat­lan­ma, buý­sanç duý­gu­la­ry­ny ba­gyş ed­ýär. Şeý­le baý­ram­la­ryň bi­ri-de her ýyl­da ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Gur­ban baý­ra­my­dyr.
Bu mu­kad­des baý­ram­da mu­sul­man kow­my gur­ban ke­sip, ag­zy­bir­lik, kö­ňül päk­li­gi bi­len bi­rek-bi­re­giň şat­ly­gy­na ga­tyş­ýar. Duz-tagam da­dyp, il-gün, mäh­ri­ban top­rak, ata Wa­tan, baş esen­li­gi üçin do­ga-di­leg­ler ed­ýär.
Gur­ban­lyk, onuň yn­san dur­mu­şy üçin äh­mi­ýe­ti ir­ki ede­bi we ta­ry­hy çeş­me­ler­de be­ýan edi­lip­dir. Bu baý­ram “Gö­rog­ly”, “Gor­kut ata” şades­san­la­ryn­da, Mag­tym­gu­ly­nyň, Mol­le­ne­pe­siň goş­gu­la­ryn­da aý­ra­tyn ýat­la­nyp ge­çil­ýär.
Göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan Gur­ban baý­ra­my­nyň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ne eýe­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­mek ze­rur­dyr.
Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri do­wam edip ge­lýän düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da, Gur­ban baý­ra­my bir­nä­çe gün do­wam ed­ýär. Bu gün­le­riň şat­ly­gy­ny söz bi­len be­ýan edip bol­ma­ýar. Adam­lar ata-ba­ba­lar­dan gel­ýän “Ha­lal­lyk – Ha­kyň ha­la­ny” di­ýen ga­ra­ýy­şa gul­luk edip, öý­le­rin­de na­har-şor taý­ýar­lap, do­gan-ga­ryn­daş, ilen-ça­lan, goň­şy-go­lam­la­ry bi­len duz-emek bol­ýar­lar. Ojak­lar­da ga­zan ata­ry­lyp bi­şi­ril­ýän dog­ra­ma, çek­dir­me, pa­law ýa­ly dür­li ta­gam­lar giň ýa­zy­lan toý des­ter­ha­ny­nyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Şeý­le pur­sat­lar­da gur­ban­lyk ma­lyň etin­den taý­ýar­la­nan duz-ta­gam­lar kö­ňül aý­na­sy­ny nur­lan­dy­ryp, yn­san­la­ryň bi­ri-bi­ri bi­len gat­na­şy­gy­nyň üzül-ke­sil ber­ke­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mu­ňa pe­der­le­ri­miz “du­zuň ke­ra­ma­ty, du­zuň güý­ji” diý­ýär­ler. Adam­lar ha­lal ojak­lar­da ýag­şy di­leg­ler edip, öz­le­ri­ne eçi­len ro­waç­lyk­la­ra şük­ra­na­lyk bil­dir­ýär­ler.
Gur­ban baý­ra­mynyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy – öý­ke-ki­ne di­ýen ýa­ly ýa­ra­maz duý­gu­la­ryň dep edil­me­gi­ni şert­len­dir­ýän­li­gidir. Bu gün­ler­de öý­ke-kine edip ýö­ren bar bol­sa, ýa­raş­ma­gy hök­ma­ny düz­gün ha­sap edil­ýär. Oba ket­hu­da­la­ry, ýa­şu­lu­lar bu hak­da ne­sil­le­re pe­der­ler­den mi­ras ga­lan “Ene sö­zü­ni ýaş­lyk­da tut, ata sö­zü­ni – baş­lyk­da”, “Ata sö­zi – hik­met, ene sö­zi – reh­met” di­ýen na­kyl­lar esa­syn­da ýag­şy öwüt-ün­dew­ler ed­ýär­ler. Ýaş ne­sil­ler bol­sa, aý­dyl­ýan wa­gyz­lar­dan oňyn ne­ti­je çy­ka­ryp, ha­lal­ly­gy, yn­san­per­wer­li­gi, dost­lu­gy-do­gan­ly­gy öz­le­ri­ne he­mi­şe­lik ýö­rel­ge edin­mä­ge ça­lyş­ýar­lar.
Gur­ban­ly­gyň to­ýy he­mi­şe şow­hun-şa­ga­la­ňa bes­len­ýär. Bu pur­sat­lar­da dür­li aý­dym-saz­la­ryň ýaň­lan­ma­gy mä­re­kä­niň gö­wün gu­şu­ny al-as­ma­na gö­ter­ýär. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde gu­ral­ýan gö­reş, ýag­ly­ga to­wus­mak, düz­züm, ta­nap çek­mek, küşt-şaş­ka ýa­ly oýun­lar bi­len to­ýuň şow­hun-şa­ga­la­ňy has-da art­ýar.
Her ýyl­da ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ençemesi mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Buýrugyna la­ýyk­lyk­da, Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ha­ja ug­ra­ýar­lar hem-de Gur­ban baý­ra­my­ny ol ýer­de bel­läp, haj par­zy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.
Dur­muş­da aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­ler, edep-ka­da­lar ne­sil­me-ne­sil, ar­ka­ma-ar­ka do­wam ed­ýär. Her ýyl ru­hy päk­li­giň baý­ra­my bo­lup gel­ýän Gur­ban baý­ra­my şeý­le des­sur­la­ra, ýol-ýö­rel­ge­ler esa­syn­da kalp­lar­da tä­miz duý­gu­la­ry oýar­ýar. Goý, şeý­le iş­le­riň göz­ba­şyn­da du­ran hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Bi­ziň äh­li­mi­ze Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň da­şy­na jem bo­lup, he­mi­şe ag­zy­bir­lik­de toý toý­lap, ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mek he­mi­şe mi­ýes­ser et­sin!

My­rat IN­NE­DOW,
Ma­ry­nyň H. Der­ýa­ýew adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.