Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-sy musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny berjaý ederler. Medinede zyýaratçylar Muhammet Pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler.
Bu ýerde olar haj parzynyň berjaý ediljek ýeri bolan Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly musulman dünýäsiniň baş mukaddesliklerine baryp togap ederler, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar.
Haj parzynyň we mukaddes urp-adatlaryň berjaý edilýän wagty watandaşlarymyz eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi barada Beýik Biribardan doga-dileg ederler. Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn! Doga-dilegleriňiz Gudraty güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!