Ame­ri­ka­ly luk­man­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, üzüm ýü­rek ýet­mez­çi­li­gi bo­lan nä­hoş­la­ra naý­ba­şy mi­we­le­riň bi­ri­dir. Kar­dio­log­lar üzü­miň ýü­rek myş­sa­la­ry­nyň işi­niň has iş­jeň­leş­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän­di­gini, kä­ha­lat­lar­da bol­sa, dä­ri-der­man­dan hem has go­wy tä­sir ed­ýän­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Ýü­rek agy­ry­ly nä­hoş­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da kä­bir dermanlary ula­na­nyň­dan, üzüm iý­me­giň has tä­sir­li bo­lan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Esa­san hem, üzüm­de an­ti­ok­si­dant­la­ryň de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy we da­mar­lar­da­ky ýag­ly öý­jük­le­riň muk­da­ry­nyň pe­se dü­şür­me­gi onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Bar­lag­lar­da üzüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­rin­de köp san­ly peý­da­ly hä­si­ýet­le­riň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp, esa­san, ýü­rek myş­sa­la­ry­na has oňaý­ly tä­sir ed­ýän mi­we­le­riň bi­ri­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Üzü­miň şeý­le ar­tyk­maç­ly­gy barada ge­çi­ri­len beý­le­ki bar­lag­lar­da hem tas­syk­la­nylyp­dyr. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ne, esa­san hem, üzü­miň dü­zü­min­dä­ki po­li­fe­nol bir­le­şi­giň has oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi anyk­la­nylyp­dyr. Bu mi­wä­niň me­to­bol­lizm ala­mat­la­ryn­da – be­den­dä­ki mad­da çal­şy­gy­nyň bo­zul­ma­syn­da we süý­jü­ke­sel ýa­ly howp­ly nä­hoş­luk­lar­da ta­pyl­gy­syz mi­we­le­riň bi­ri­di­gi­ni ge­çi­ri­len bar­lag­lar tas­syk­lap­dyr. Şeý­le hem alym­lar üzü­miň diş­le­ri we onuň syr­ça­la­ry­ny ber­kit­mä­ge ukyp­ly­dy­gyny aýd­ýar­lar.