ABŞ-nyň alym­la­ry gü­nüň do­wa­myn­da wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni aýak üs­tün­de ge­çir­ýän­le­riň ag­ra­my­nyň pes­di­gi­ni we sy­ra­tly bolýandygyny öňe sür­ýär­ler. Bar­lag­lar­da wag­ty­ny aýak üs­tün­de ge­çir­ýän­le­riň kö­pü­si has sy­rat­ly we gel­şik­li bo­lup çy­kyp­dy­rlar. Şeý­le­lik­de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar he­re­ke­tiň we fi­zi­ki zäh­me­tiň ze­rur­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but edip­dir. Şeý­le-de, köp wag­ty­ny py­ýa­da ge­ze­lenç­de ge­çir­ýän­le­riň ýag­la­ry­nyň 30 gö­te­ri­me go­la­ýy­ny köý­dür­ýän­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Iň bol­man­da her gün­de 1 sa­gat fi­zi­ki tür­gen­le­şigiň hem ar­tyk­maç ag­ram ýyg­na­ma­gyň öňü­ni alýandygy şüb­he­siz­dir. Hat­da ber­hiz tu­tu­lan ha­la­tyn­da hem he­re­ket­siz ýa­şa­ýyş ge­çir­mek ar­tyk­maç ag­ram ýyg­na­ma­ga we mu­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly oňur­ga we iç­ki sek­re­si­ýa mäz­le­ri­niň nä­hoş­luk­la­ry­na uç­ra­ma­ga se­bäp bol­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, halk ara­syn­da­ky “Aýak üs­tün­de gez­-de, ömür sür” di­ýen ýa­ly pä­him mu­nuň şeý­le­di­gi­ni do­ly su­but ed­ýär.