Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 3-nji aýlawa badalga berildi. 15-nji tapgyrda oýnalan 4 duşuşykda 11 gol hasaba alyndy. Öňdebaryjylaryň ikisi uly hasaply ýeňiş gazandy. Sanawyň lideri “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Nebitçini” kabul edip, garşydaşyny 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini 1-nji ýarymda Begenç Akmämmedow (16, 42), beýlekisini-de penaltiden Myrat Annaýew (73) derwezä girizdi. Bu tapgyrdan öň 3-nji hatarda barýan “Ahal” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyndan uly hasap bilen, 5–0 hasabynda üstün çykdy. Oýunda Pirmyrat Sultanow het-trik edip (36, 39, 70), toparynyň uly hasaply ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnady. Ol şu möwsümde milli çempionatda het-trik eden ilkinji futbolçy boldy. “Ahalyň” beýleki 2 pökgüsini-de 15-nji we 84-nji minutlarda Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňişden soň, “Ahal” 2-nji orna beýgeldi. Şu tapgyra çenli 2-nji basgançakda bolan “Şagadam” aşaky orunda barýan “Merw” bilen duşuşyp, zerur bolan 2 utugy ýitirdi. Duşuşykda ilkinji bolup, 9-njy minutda myhmanlardan Döwlet Baýramow hasaby açdy. 35-nji minutda-da Hydyr Ýakubow hasaby deňledi. Bu duşuşykdan soň, “Şagadam” 3-nji orna düşdi. Tapgyryň myhmançylykda ýeňiş gazanan ýeke-täk topary “Köpetdag” boldy. Paýtagtlylar myhmançylykda “Energetik” toparyndan 1–0 üstün çykdy. “Köpetdaga” ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 38-nji minutda Berdi Hotdyýew derwezä girizdi.
Milli çempionatymyzyň 16-njy tapgyrynda çempionlygy kesgitläp biljek duşuşyk bolar. Ýagny şu gün sanawyň lideri “Altyn asyr” söbügini basyp barýan “Ahaly” kabul eder.