Ang­li­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy “Com­mu­ni­ty Shield” du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş bu ýyl hem “Man­çes­ter Si­ti­niň” ta­ra­pyn­da bol­dy. Pep Gu­ar­dio­la­nyň şä­girt­le­ri “Wemb­ley” sta­dio­nyn­da oý­na­lan oýun­da wi­se-çem­pi­on “Li­wer­pu­ly” pe­nal­ti­ler­den soň, ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şy­gyň 12-nji mi­nu­tyn­da Ra­him Ster­ling ha­sa­by aç­dy. 77-nji mi­nut­da “Li­wer­pu­lyň” go­rag­çy­la­ry Wan Deý­kiň pa­syn­dan soň, Jo­el Ma­tip ha­sa­by deň­le­di. Bir­nä­çe amat­ly pur­sat­dan peý­da­la­nyp bil­me­dik Mo­ha­med Sa­lah 90+3-nji mi­nut­da ýe­ňiş go­lu­na ga­ty go­laý gel­di. Ýö­ne soň­ky pur­sat­da Kaýl Wol­ker to­py der­we­zä­niň çyz­gy­syn­dan çy­kar­ma­gy ba­şar­dy. Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler­de “Man­çes­ter Si­ti” 5-4 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, ku­bo­gy bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 6-njy ge­zek eýe­le­di (1937, 1968, 1972, 2012, 2018, 2019).
Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­na (DFL-Su­percup) wi­se-çem­pi­on “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Olar öz meý­dan­ça­syn­da oý­na­lan Su­per ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da çem­pi­on hem-de ku­bo­gyň eýe­si “Ba­wa­ri­ýa­ny” 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­ler. Dort­mund­ly­la­ra 5 ýyl­dan soň, Su­per ku­bo­gy ga­zan­dy­ran gol­la­ry 48-nji mi­nut­da Pa­ko Al­ka­ser bi­len 69-njy mi­nut­da Jeý­son San­ço der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” to­pa­ry ta­ry­hyn­da 6-njy ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Olar mun­dan ozal, 1989-njy, 1995-nji, 1996-njy, 2013-nji we 2014-nji ýyl­lar­da ku­bo­gy eýe­läp­di. Du­şu­şy­ga 81365 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di.
Fran­si­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny (Trop­hee des Cham­pions) çem­pi­on PSŽ eýe­le­di. Pa­riž­li­ler Hy­ta­ýyň Şen­zen şä­he­rin­de oý­na­la­n du­şu­şyk­da “Renn” to­pa­ryn­dan 2–1 üs­tün çyk­dy. Bi­rin­ji ýa­rym­da Ad­ri­en Ho­nu­nyň 13-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe saý­la­nan “Renn” ikin­ji ýa­rym­da üs­tün­li­gi­ni sak­lap bil­me­di. 57-nji mi­nut­da Ki­li­an Mbap­pe ha­sa­by deň­le­se, 73-nji mi­nut­da An­hel Di Ma­ri­ýa PSŽ-ni öňe çy­kar­dy. Ne­ti­je­de, 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden PSŽ 9-njy ge­zek (1995, 1998, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019) Fran­si­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny ýo­ka­ry gal­dyr­dy. Şun­luk­da, PSŽ to­pa­ry 8 ku­bok­ly “Li­on­dan” öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na geç­di.
Por­tu­ga­li­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy (Su­per­ta­ça Cândi­do de Oliveira) du­şu­şy­gyn­da paý­tagt Lis­sa­bo­nyň iki klu­by “Ben­fi­ka” bi­len “Spor­ting” du­şuş­dy. Al­gar­we sta­dio­nyn­da oý­na­lan bu oýun 5–0 ha­sa­byn­da “Ben­fi­ka­nyň” ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. 4 pök­gi­ni 2-nji ýa­rym­da ge­çi­ren “Ben­fi­ka­nyň” gol­la­ry­ny 40-njy mi­nut­da Ra­fa, 60-njy we 75-nji mi­nut­lar­da Piz­zi, 64-nji mi­nut­da Gri­mal­do hem-de 90-njy mi­nut­da Çi­kui­nio der­we­zä gi­riz­di. 41-nji ge­zek ge­çi­ri­len Su­per ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da soň­ky 6 ýyl­da 4-nji, umu­my­lyk­da-da 8-nji sa­par ýe­ňiş ga­za­nan “Ben­fi­ka” to­pa­ry “Spor­ting” bi­len deň­leş­di. Bu ugur­da “Por­to” 21 ku­bok bi­len öň­de bar­ýar.
Tür­ki­ýä­niň Su­per ku­bo­gy ug­run­da­ky du­şu­şyk­da çem­pi­on “Ga­la­ta­sa­raý” bi­len “Ak­hi­sars­por” du­şuş­dy. Paý­tagt An­ka­ra­da geçirilen du­şu­şyk­da “Ga­la­ta­sa­raý” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Stam­bul­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren ýe­ke-täk go­ly 38-nji mi­nut­da Ýu­nes Bel­han­da der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Ga­la­ta­sa­raý” 6-njy ge­zek Su­per ku­bo­ga my­na­syp bol­dy.