Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da­ky “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çen bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na di­ňe bir Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri däl-de, halkara maliýe guramalaryň, dün­ýä ba­za­ryn­da uly orun eýe­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem gat­naş­dy­lar, şeý­le hem bu fo­rum dün­ýä ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň ses­len­me dö­ret­di.
Ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň met­bu­gat ha­bar­la­ryn­da bu fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bä­şi­si­niň hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li hyz­mat­daş­la­ryň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge de­giş­li mö­hüm me­se­le­le­riň giň top­lu­my­nyň gi­ri­zi­len­di­gi bel­le­nil­ýär.
Tä­ze­lik­ler ne­şir­le­ri fo­ru­myň we­kil­çi­lik­li de­re­je­si­ni nyg­tap, onuň işi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň we “Ha­zar bäş­li­gi­niň” hö­kü­met­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry­nyň – Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Now­ruz Ma­me­do­wyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň bi­rin­ji wi­se-pre­zi­den­ti Es­hak Ja­han­gi­ri­niň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri As­kar Ma­mi­niň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Dmit­riý Med­we­de­wiň gat­na­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär­ler. Şeý­le hem bu çä­re­le­re Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ab­dul­la Ari­pow we Bol­ga­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Boý­ko Bo­ri­sow gat­naş­dy­lar. RF-niň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now fo­ru­myň da­ba­ra­ly mej­li­si­niň hor­mat­ly myh­ma­ny bol­dy.
Dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri türk­men Li­de­ri­niň: “Biz Ha­zar deň­zi­ni hyz­mat­daş­ly­gyň, ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň, gap­ma-gar­şy­lyk­lar­dan hem-de ag­za­la­lyk­dan azat gi­ňiş­lik, döw­let­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, işe­wür­li­giň, yl­my we teh­no­lo­gi­ýa kuw­wa­ty­nyň bir­leş­ýän ýe­ri hök­mün­de gör­mek is­le­ýä­ris. Biz stra­te­gik gel­je­gi hut şeý­le kes­git­läp, ony Ha­zar üçin “gel­je­giň nus­ga­sy” di­ýip at­lan­dyr­ýa­rys” di­ýen söz­le­ri­ni be­ýan ed­ýär­ler. Met­bu­gat ha­bar­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça goň­şy ýurt­lar bi­len hem, beý­le­ki da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hem kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär.
Bri­ta­ni­ýa­nyň “BBC”, “Lon­don­post”, “Ener­gyvoice”, “Thi­sis­mo­ney” we beý­le­ki ne­şir­le­riň belleýşi ýa­ly, Ha­zar deň­zi­niň ener­ge­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le bol­dy. Fo­ru­myň işi­ne Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň – Azer­baý­ja­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren­digi düş­nük­li­dir.
Eý­ra­nyň “Teh­ran Ti­mes” ga­ze­ti, “Mehr News Agency”, “Iran Press”, “IR­NA” ha­bar­lar agent­lik­le­ri we köp­san­ly por­tal­la­ry Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de birinji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň, on­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler. Azer­baý­ja­nyň “Trend”, “Azer­taj”, “Azer news” we beý­le­ki in­ter­net – köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hem fo­ru­myň se­bit­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Fo­ru­ma hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt işe­wür­ler dü­züm­le­ri­niň, iri ma­ýa go­ýum kom­pa­ni­ýa­la­rynyň we gaz­na­la­ryň, şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýan dür­li en­jam­la­ry we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni iş­läp taý­ýar­laý­jy­la­ryň hem-de ge­ti­ri­ji­le­riň 2100-den gow­rak we­ki­li gat­naş­dy. 60-a go­laý res­mi­na­ma gol çe­kil­me­gi birinji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry­nyň jem­le­ri bol­dy, şeý­le hem dür­li ýurt­lar­dan hyz­mat­daş­lar bi­len gel­jek­de gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek we hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin esas go­ýul­dy.
Ga­za­gys­ta­nyň “Ka­zin­form”, “In­ter­faks Ka­zahs­tan”, “Ka­zah taýms” we beý­le­ki ne­şir­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­len Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri As­kar Ma­mi­niň birinji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gy­na uly üns ber­di­ler. Du­şu­şyk­da 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň 68 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di, mu­nuň özi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 2,2 es­se köp­dür.
Rus­si­ýa­nyň “TASS”, “RIA-No­wos­ti”, “Wes­ti”, “ga­ze­ta.ru”, “MIR-24”, “Kom­so­mols­ka­ýa praw­da” we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri birinji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my ba­ra­da­ky söz­ba­şy­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan ýer­leş­dir­di­ler hem-de bu fo­ru­myň aç­ýan müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da ýaz­dy­lar.
Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ast­ra­han ob­las­ty­nyň met­bu­gat se­riş­de­le­ri hem Awa­za­da gu­ra­lan çä­re­le­ri giň­den be­ýan et­di­ler. Bu se­bit­le­riň ýol­baş­çy­la­ry – Rus­tam Min­ni­ha­now we Igor Ba­buş­kin fo­ru­myň işi­ne iş­jeň gat­naş­dy­lar. Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň açy­ly­şyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Dmit­riý Med­we­de­wiň bel­leý­şi ýa­ly, ikin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny Ast­ra­han­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Şeý­le hem Bol­ga­ri­ýa­nyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri – “Focus News Agency”, Bol­gar mil­li ra­dio­sy, “Bol­gar te­leg­raf” agent­li­gi we beý­le­ki­ler fo­ru­ma uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Hy­ta­ýyň “Sin­hua” agent­li­gi hem Ha­zar­da hyz­mat­daş­ly­gyň uly gel­je­gi­ni bel­le­di. Da­şa­ry ýurt me­dia se­riş­de­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňel­dip, se­bit hyz­mat­daş­ly­gy bi­len çäk­len­me­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Da­şa­ry ýurt oky­jy­la­ry­na hö­dür­le­nil­ýän ma­ka­la­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na go­şu­lyş­ma­gy ha­sa­ba al­mak bi­len, hal­ka­ra ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy dü­züm­le­ri, şol san­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Ýew­ro­pa­nyň Abat­la­ýyş we ösüş ban­ky, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky, Ys­lam ösüş ban­ky bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň işi­ne gat­na­şan beý­le­ki ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len hem hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Birinji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi hem kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ba­ba­tyn­da bu gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we gi­ňel­dil­me­gi­ne ýar­dam be­rer.