To­mus pas­ly ahyr­lap bar­ýar. Ýe­ne-de bir­nä­çe günden tä­ze ok­uw ýy­ly baş­lanýar. To­mus­ky dynç al­şyň soň­ky hep­de­le­rin­de ene-ata­la­ry öz ça­ga­la­ry­ny okuw es­bap­la­ry bi­len üp­jün et­mek ala­da­sy gur­şap al­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len her ýyl mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we ta­lyp ýaş­la­ryň tä­ze okuw ýy­ly­na ge­rek­li okuw es­bap­la­ry bi­len üp­jün bol­ma­gy üçin ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol ha­ryt­ly mek­dep ba­zar­la­ry gu­ral­ýar. Şu gün­ler ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, gö­zel paý­tag­ty­my­zyň söw­da top­lum­la­ry­dyr ba­zar­la­ryn­da­ky mek­dep ba­zar­la­ryn­da söw­da gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Mek­dep ba­za­ryn­dan tä­ze okuw ýy­ly­na ge­rek­li ha­ryt­la­ry­ny al­ýan­la­ryň sa­ny bol­sa bir­syh­ly art­ýar. Mek­dep ba­zar­la­rynyň äh­li okuw es­bap­la­ry bi­len üp­jün edi­len­di­gi buý­san­dy­ry­jy­dyr.
Aw­gust aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den iş­läp baş­lan mek­dep ba­zar­la­ryn­da okuw­çy­la­ry ge­rek­li okuw es­bap­la­ry­dyr mek­dep ly­bas­la­ry bi­len el­ýe­ter ba­ha­dan üp­jün et­mek işi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­len­di­gi­ne göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mek­dep ba­zar­la­ryn­da Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len önüm­ler, ýurdumyzyň dok­ma se­na­ga­tynyň kärhanalary ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan nah egin-eşik­ler, ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­niň taý­ýar­lan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri köp­dür­lü­li­gi bi­len aly­jy­la­ryň is­leg­li ha­ry­dy­na öw­rül­ýär. Bu ba­zar­lar­da­ky äh­li ha­ryt­la­ryň di­ýen ýa­ly, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­me­gi aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr.