Täze Zelandiýanyň hökümeti tarapyndan kompaniýalaryň işgärlerine zähmet haklaryny kriptowalýuta bilen tölemek baradaky teklibi resmi taýdan tassyklanyldy. Bu barada “Financial Times” gazeti habar berýär. “Kompaniýalar bu başlangyjy goldap, öz işgärlerine zähmet haklaryny kriptowalýuta bilen tölemegi kabul etdiler. Ýurduň hökümetiniň kararyna laýyklykda, zähmet haklary bitkoin ýaly kriptowalýutada tölener. Bu düzgüniň 1-nji sentýabrda durmuşa ornaşdyrylyp başlanmagy göz öňünde tutulýar. Saýlanyp alnan sanly puluň adaty töleg görnüşine çalyşmak mümkinçiligine eýe bolmagy meýilleşdirildi” diýip, neşiriň habarynda bellenilip geçilýär.
Häzirki wagtda Ýaponiýada kriptowalýuta arkaly tölegler amala aşyrylýar. Bu pul ulgamy kanunçylyk tarapyndan hem düzgünleşdirildi. Ol resmi töleg serişdeleriniň derejesine eýe boldy. Kripotwalýuta bu maliýe we töleg aktiwleriniň aýratyn görnüşi bolup hyzmat edýär.