Çernogoriýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu kanun esasynda restoranlarda we beýleki jemgyýetçilik iýmiti ýerlerinde çilim çekmäge rugsat berilmeýär. Kanun bozulan halatynda 20 müň ýewro jerime salnar.
Restoranlarda diňe ýörite gurnalan hem-de çilim tüssesi çykmaýan ýerde çilim çekmäge rugsat berilýär. Bu ýeriň hem özboluşly talaplary bar. Onuň meýdany 10 inedördül metrden we jemgyýetçilik iýmiti edarasynyň umumy meýdanynyň 20 göteriminden köp bolmaly däldir.
Dünýäniň ençeme ýerinde adam saglygyna zyýan berýän ýaramaz endiklerden gaça durmak babatda dürli çäreler geçirilýär. Bu hususan-da, çilim bilen baglanyşyklydyr. Şu ýylyň fewralynda Belarus Respublikasynda çilim çekmegiň gadagan edilen sanawy giňeldildi. Metroda, jemgyýetçilik ulaglary üçin niýetlenilen duralgalarda, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynda hem-de liftlerde çilim çekmek gadagan edildi. Şeýle hem ulagda 14 ýaşyny doldurmadyk çagalar bar bolsa, onda şol ulagyň sürüjilerine hem çilim çekmäge rugsat berilmeýär.