Efiopiýanyň hökümeti “Ýaşyl miras” milli meýilnamasy esasynda 2019-njy ýylda ýurduň çäklerinde 4 milliard bag ekmegi göz öňünde tutdy. Häzirki wagtda bu meýilnamanyň uly böleginiň durmuşa geçirilendigi mälim edildi. Efiopiýanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alemaýeh Tegen Argau metbugata beren beýanatynda şu ýylyň dowamynda 3,5 milliard agaç nahallarynyň oturdylandygyny belledi. Meýilnamanyň gysga wagtda amala aşyryljakdygyny hem belläp geçdi.
“Ýaşyl miras” – ýurduň milli ekologiýa başlangyjy. Bu başlangyç ilaty daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge itermekden ybaratdyr. Şeýle hem “ýaşyl” durmuş kadalaryna geçmäge tarap ädilen ilkinji ädimdir. Birleşen Milletler Guramasynyň baha bermegine görä, 100 ýylyň dowamynda Efiopiýanyň tokaý zolagy 35 göterimden 4 göterime çenli azaldy.
Şonuň üçin ýurtda bu tokaý zolaklaryny täzeden dikeltmek babatda degişli işler geçirilip başlandy. Ýurduň ilatynyň ähli gatlaklary bu başlangyja goldaw berip, onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurduň Premýer-ministri Abiý Ahmed hem taslamanyň işjeň agzasy bolup, her gün bir agaç nahalyny oturdýar.