UEFA-nyň sa­na­wyn­da 1-nji ha­tar­da bar­ýan Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” 89-njy möw­sü­me ba­dal­ga be­ril­di. Dün­ýä ýyl­dyz­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň çy­kyş eden çem­pio­na­ty­na adat­ça bol­şy ýa­ly, 20 klub we­kil­çi­lik ed­ýär. Dün­ýä­niň iň uly der­bi­si­ni özün­de jem­le­ýän “La Li­ga­da” şu möw­süm­de-de çem­pi­on üýt­ge­me­se ge­rek. Umu­my­lyk­da 26 çem­pi­on­ly­gy bo­lan soň­ky 2 ýy­lyň ýe­ňi­ji­si “Bar­se­lo­na” al­tyn me­da­lyň bi­rin­ji de­re­je­li da­laş­gä­ri ha­sap­lan­ýar. Zi­ne­din Zi­da­ny tä­ze­den tä­lim­çi­li­ge bel­län we trans­fer möw­sü­mi­nde bir­nä­çe ýyl­dy­zy ha­ta­ry­na go­şan “Re­al Mad­rid” bi­len Die­go Si­meo­ne­niň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki “At­le­ti­ko” çem­pi­on­ly­gyň beý­le­ki da­laş­gär­le­ri ha­sap­lan­ýar. “Se­wil­ýa”, “Wa­len­si­ýa” ýa­ly to­par­lar bol­sa, 4-nji orun ug­run­da gö­reş alyp ba­rar­lar. “Osa­su­na” bi­len “Gra­na­da” 2, “Mal­ýor­ka” bol­sa, 6 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, ýe­ne-de “La Li­ga­da” çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan “El Kla­si­ko” du­şu­şyk­la­ry şu ýylyň 27-nji okt­ýabryn­da “Bar­se­lo­na­da”, şeýle-de geljek ýylyň 1-nji mart­ynda Mad­rid­de oý­na­lar. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da­ky 20 to­pa­ryň di­ňe 3-si­ne da­şa­ry ýurt­ly tä­lim­çi­ler tä­lim be­rer. Ola­ryň 3-si hem Mad­rid met­ro­po­ly­nyň klub­la­ry­na tä­lim­çi­lik edip, ar­gen­ti­na­ly Die­go Si­meo­ne bi­len wa­tan­da­şy Mau­ri­sio Pel­leg­ri­no de­giş­li­lik­de, “At­le­ti­ko” we “Le­ga­nes” to­par­la­ry­nyň tä­lim­çi­le­ri­dir. Beý­le­ki da­şa­ry ýurt­ly tä­lim­çi-de “Re­al Mad­ri­diň” meş­hur tä­lim­çi­si fran­si­ýa­ly Zi­ne­din Zi­dan­dyr.

“Bundesliganyň” 57-nji möwsümi başlandy
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­sy­nyň” hem tä­ze möw­sü­mi düýn baş­la­dy. 57-nji möw­sü­miň il­kin­ji du­şu­şy­gy çem­pi­on “Ba­wa­ri­ýa” bi­len “Her­ta­nyň” ara­syn­da oý­nal­dy. Ýew­ro­pa­nyň TOP – 5 li­ga­sy­nyň bi­ri bo­lan “Bun­des­li­ga­da” çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gä­ri, gür­rüň­siz “Ba­wa­ri­ýa” bo­lar. Soň­ky 10 ýyl­da 8 ge­zek çem­pi­on bo­lan “Ba­wa­ri­ýa” 7 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­gy özün­de sak­lap gel­ýär. Mün­hen­li­le­re bu ugur­da iň uly päs­gel­çi­li­gi Dort­mun­dyň “Bo­rus­si­ýa­sy” be­rer. Trans­fer möw­sü­min­de dü­zü­mi­ni has hem güýç­len­di­ren “Bo­rus­si­ýa” ge­çen möw­süm­de soň­ky tap­gyr­da çem­pi­on­ly­gy el­den gi­de­rip­di. Bu iki lä­he­ňiň ha­ta­ry­na go­şul­jak beý­le­ki to­par­lar “Ba­ýer”, “Le­ip­sig”, “Bo­rus­si­ýa M” klub­la­ry bo­lup bi­ler. Li­ga­nyň tä­ze we­kil­le­ri ba­ra­da-da aý­dyl­sa, 1–2-nji li­ga­nyň ara­syn­da gat­nap du­ran “Köln” 1, “Pa­der­born” 4 möw­süm­den soň “Bun­des­li­ga­da” oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Şeý­le-de, “Bun­des­li­ga­nyň” ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Ber­lin şä­he­rin­de-de der­bi oý­na­lar. Pleý-off tap­gy­ryn­da “Ştut­gart­dan” üs­tün çy­kan “Union Ber­lin” “Bun­des­li­ga­da” il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder. Ber­lin­li­ler “Bun­des­li­ga­da” çy­kyş et­jek 56-njy klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. “Bun­des­li­ga­da” çy­kyş ed­ýän 18 klu­ba 8 ger­ma­ni­ýa­ly, 3 şweý­sa­ri­ýa­ly, 2 gol­lan­di­ýa­ly, 2 hor­wa­ti­ýa­ly, 2 awst­ri­ýa­ly, 1 ame­ri­ka­ly tä­lim­çi tä­lim be­rer. Şo­la­ryň 7-si il­kin­ji ge­zek “Bun­des­li­ga­da” iş­lär.