Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de ke­ra­mi­ki ker­piç ön­dür­ýän kär­ha­na açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan “Tir­keş” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy köp adam­ly bol­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 28 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ke­ra­mi­ki ker­pi­ji ön­dür­ýän hä­zir­ki za­man kär­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de te­le­ke­çi­lik işi­niň ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň has ne­ti­je­li ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­dy.

Da­ba­ra meý­dan­ça­syn­da­ky esa­sy sah­na­da we­la­ýa­tyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Tä­ze des­ga­nyň toý ba­gy­nyň ke­sil­me­gi bi­len, ol ýer­dä­ki şat­lyk-şow­hun has-da be­len­de gö­te­ril­di. Soň­ra myh­man­lar tä­ze kär­ha­na aý­la­nyp, onuň giň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar.
Bäş gek­tar meý­dan­da bi­na edi­len tä­ze des­ga­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 1 mil­li­on ke­ra­mi­ki ker­pi­ji ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­dan ge­ti­ri­len iň kä­mil en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy kär­ha­na­da ön­dü­ril­jek önü­miň hi­li­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy­na şert dö­re­der. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ýur­du­myz­da ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak, önüm­çi­li­giň eks­port ugur­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça öň­de goý­ýan we­zi­pe­le­ri­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­jak bu kär­ha­na­da­ky aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar çig ma­lyň ýo­ka­ry de­re­je­de iş­le­nil­me­gi­ne ýar­dam eder. Ker­piç önüm­çi­li­gin­de ge­rek bo­lan top­ra­gyň, çä­gä­niň we su­wuň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­je­sin­de ol ýer­de uzyn­ly­gy 25 san­ti­metr, ini 12 san­ti­metr bo­lan ke­ra­mi­ki ker­piç ön­dü­ri­ler. Kär­ha­na­nyň önüm­le­ri bu­ýur­ma­lar esa­syn­da sarp edi­ji­le­re ug­ra­dy­lar.