Futbolyň muşdaklarynyň, bilermenleriniň hem-de janköýerleriniň arasynda jedelli meselä öwrülen “Dünýäniň iň gowy oýunçysy Messimi ýa-da Ronaldo?” sowalynyň jogabyna ylmy çözgüt tapyldy. Ylmyň kömegi bilen dünýäniň iň gowy futbolçylary hasaplanýan Argentinanyň milli ýygyndysynyň, Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň, Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň başarnyklary ýüze çykaryldy. Lewen katolik uniwersitetiniň belgiýaly alymlary ýörite formula oýlap tapdylar. “VAEP” diýlip atlandyrylan formulanyň kömegi bilen futbolçylaryň derwezeden geçiren pökgüleri we netijeli paslary bilen bir hatarda beýleki peýdaly hereketleri – urgulary, pökgi bilen öňe hereket etmek, garşydaş oýunçydan pökgini almak ýaly hereketlerine hem baha berlipdir. Alymlar bu görkezijiler boýunça her iki futbolçynyň 2013-2018-nji ýyllardaky görkezen netijelerine baha berdiler.
Alymlar ilkinji möwsümlerde Ronaldonyň we Messiniň görkezijileriniň deňeçerdigini bellediler. Ýöne 2015/16-njy möwsümden başlap, Messiniň Ronaldodan öňe saýlanyp başlandygy mälim edildi. Ortaça “VAEP” görkeziji boýunça Messiniň bir oýundaky netijesi 1,21, Ronaldonyňky bolsa 0,61-e deňdir. Bu hem Messiniň “Barselona” topary üçin 2 esseden gowrak ähmiýetlidigini alamatlandyrýar.