Mälim bolşy ýaly, syýahatçylyk ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülip, dünýäniň ençeme ýurdunyň jemi içerki önüminiň agramly bölegini tutýar. Syýahatçylyk pudagynda bolup geçýän özgerişlikler, gyzykly wakalar hemmeleriň ünsüni çekýär. Syýahatçylyk babatda ätiýaçlandyrmak işleri bilen meşgullanýan “Get Going Insurance” kompaniýasynyň geçiren seljermeleriniň netijelerine görä, hytaýlylar gezelenç üçin serişde sarp etmekde birinji orunda durýar. 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça hytaýlylar syýahatçylyk üçin 250 milliard dollar harçladylar. Ikinji orunda ABŞ-nyň raýatlary gelýär. Olaryň bu ugurdaky görkezijisiniň möçberi 135 milliard dollara deňdir.
Jahankeşdelik maksady bilen 89 milliard dollar sarp eden Germaniýanyň raýatlary sanawda üçünji orunda barýar. Şeýle hem olar bu ugurda Ýewropa ýurtlarynyň arasynda birinjiligi eýeleýär. Olaryň çykdajylary ortaça adam başyna 1 müň dollara barabar boldy.
Hytaýly syýahatçylar iň köp Gonkong, Makao we Taýwana syýahat etdiler. Amerikalylar bolsa gezelenç üçin Meksikany saýlap aldylar. Mundan başga-da, Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň syýahatçylyk ýerleri amerikaly jahankeşdeleri özüne bendi edýär.
Germaniýanyň raýatlarynyň iň köp gezelenç edýän ýurtlary goňşy döwletleri boldy. Olar Awstriýa, Fransiýa we Ispaniýadyr.
Seljermäniň netijelerine laýyklykda, iň köp çykdajy edýän jahankeşdeleriň sanawyna Beýik Britaniýa, Fransiýa, Kanada, Koreýa Respublikasy, Italiýa, Awstraliýa we Russiýa ýaly ýurtlaryň syýahatçylary hem goşuldy.
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda syýahatçylar 1,7 trillion dollar sarp edip, bu görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4 göterim köpdür.