Şu hepdäniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynda saparda boldy. Goňşy ýurduň paýtagty Nur-Soltan şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen döredilen “C5+1” görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem habar bermegine görä, bu duşuşyk ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly ulgamlarda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň arasyndaky özara hereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup durýandyr.
Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl gatnaşdy.
Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy, Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy ýaly sebit üçin derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Gazagystanyň Prezidenti Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejesini belläp geçdi. Şunlukda, bu forumyň Hazar sebitinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Beýbut Atamkulow, şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen duşuşyk geçirdi.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Şonuň hasabyna hem köptaraplaýyn duşuşyklaryň täze görnüşi emele gelýär. Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky “C5+1” görnüşindäki duşuşygyň ilkinjisi 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilipdi.
Mundan başga-da, şeýle hyzmatdaşlyk duşuşyklary “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hem-de “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” görnüşinde hem dowam etdirilýär.