Keniýaly baş aşpez arasyny üzmän tagam taýýarlamakda dünýä rekordyny goýdy. Maliha Mohammed 75 sagatlap üznüksiz tagam taýýarlady. Bu barada Keniýanyň “The Star” gazeti habar berýär. Şeýlelikde, 16 aý mundan ozal ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde aşpez Riki Lumpkiniň yzyny üzmän 68 sagat 30 minutlap tagam taýýarlamak rekordy täzelendi. Keniýaly aşpeziň gazanan netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Maliha Mohammed öz rekordyny Keniýanyň ikinji uly şäheri Mombasda amala aşyrdy. Ol şol wagt aralygynda milli we halkara tagamlarynyň 400 görnüşini taýýarlady. Onuň taýýarlan naharlary çagalar öýüne hem-de haýyr-sahawat guramalaryna iberildi.