Ten­nis bo­ýun­ça ABŞ-nyň Oha­ýo şta­tyn­da ge­çi­ri­len “Cincin­na­ti Mas­ters” ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da rus­si­ýa­ly Da­niýl Med­we­dew, ze­nan­lar­dan bol­sa, ame­ri­ka­ly Ma­di­son Kiýz ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýa­ry­şyň umu­my pul gaz­na­sy er­kek­ler üçin 6 mil­li­on 735 müň 690 dol­lar, ze­nan­lar üçin bol­sa, 2 mil­li­on 944 müň 486 dol­la­ra deň­dir. Möw­sü­miň 7-nji “Mas­ters” ýa­ry­şy bo­lan “Cincin­na­ti” ten­nis bäs­le­şi­gi er­kek­le­riň ara­syn­da 118-nji, ze­nan­la­ryň ara­syn­da-da 91-nji ge­zek ge­çi­ril­di.
Ýa­rym fi­nal­da soň­ky çem­pi­on No­wak Jo­ko­wiç­den üs­tün çy­kan 23 ýa­şyn­da­ky Med­we­dew fi­nal­da bel­gi­ýa­ly Da­wid Gof­fi­ni 7:6 we 6:4 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýe­ňiş Med­we­de­wiň ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 5-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Ýaş ten­nis­çi mun­dan 2 hep­de ozal hem Ro­jers Mas­ters ku­bo­gyn­da fi­nal­da Ra­fa­el Na­dal­dan utu­lyp­dy. Bu çem­pi­on­lyk­dan soň, Med­we­dew sa­naw­da 5-nji or­na beý­gel­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky fi­nal­da bol­sa, Ma­di­son Kiýz rus­si­ýa­ly Swet­la­na Kuz­ne­so­wa bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen du­şu­şyk 1 sa­gat 45 mi­nut­lap do­wam et­di. Ne­ti­je­de, ame­ri­ka­ly ten­nis­çi tej­ri­be­li gar­şy­da­şy­ny 2 set­de 7:5 we 7:6 ha­sap­lar bilen ýe­ňip, kar­ýe­ra­syn­da­ky 5-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di.