Germaniýanyň çempionatynda soňky 6 möwsümden bäri “Bawariýa” täze möwsüme ýeňiş bilen başlaýardy. Ýöne bu gezek olar şol ýörelgesine eýerip bilmediler. “Herta” bilen 2–2 deňme-deň oýnan “Bawariýanyň” gollaryny polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski derwezä girizdi (Lewandowski 24, 60 p — Lukebakio 36, Gruýiç 38). Ol “Bundesligada” yzly-yzyna 5 möwsümde 1-nji tapgyrda tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. Wise-çempion “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda Augsburgy 5–1 hasabynda ýeňip, möwsüme şowly başlady. Dortmundlylaryň gollaryny Alkaser (3, 59), Sanço (51), Roýs (57) hem-de Brandt (82) tora ýollady. Şeýle-de “Leipsig” myhmançylykda ilkinji gezek “Bundesliga” çykan “Union Berlini” 4–0 hasabynda utdy.
1-nji tapgyryň netijeleri: Bawariýa–Herta: 2–2, Werder–F. Düsseldorf: 1–3, Fraýburg–Maýns: 3–0, Wolfsburg–Köln: 2–1, Baýer–Paderborn: 3–2, Borussiýa D–Augsburg: 5–1, Borussiýa M–Şalke: 0–0, Aýntraht–Hoffenhaým: 1–0, Union–Leipsig: 0–4.