Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da tä­ze möw­sü­miň il­kin­ji tap­gy­ryn­da soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny “Bar­se­lo­na” myh­man­çy­lyk­da “At­le­tik Bil­bao­dan” 1–0 as­gyn gel­di. Ýe­ke-täk go­ly 38 ýa­şyn­da­ky Aris Adu­ris oý­nuň 88-nji mi­nu­tyn­da üs­ta­şyr ýag­daý­da ge­çir­me­gi ba­şar­dy. Mad­ri­diň “Rea­ly” myh­man­çy­lyk­da “Sel­ta­ny” 3–1 ha­sa­by bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da “Rea­lyň” adyn­dan Ben­ze­ma (12), Kroos (61) we Lu­kas Was­kes (80) ta­pa­wut­lan­dy. “At­le­ti­ko Mad­rid” hem şä­her­de­şi ýa­ly, tä­ze möw­sü­me ýe­ňiş bi­len baş­la­dy. Die­go Si­meo­ne­niň şä­girt­le­ri “He­ta­fe­ni” Mo­ra­ta­nyň 23-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Tap­gy­ryň iň gol­ly oý­nun­da (“Wil­ýar­re­al”—“Gra­na­da”) 8 pök­gi ha­sa­ba alyn­sa-da, ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy (4–4).
1-nji tapgyryň netijeleri: At­le­tik–Bar­se­lo­na: 1–0, Sel­ta–Re­al M: 1–3, Wa­len­si­ýa–R. So­sie­dad: 1–1, Mal­ýor­ka–Eý­bar: 2–1, Wil­ýar­re­al–Gra­na­da: 4–4, Le­ga­nes–Osa­su­na: 0–1, Ala­wes–Le­wan­te: 1–0, Es­pan­ýol–Se­wil­ýa: 0–2, Be­tis–Wal­ýa­do­lid: 1–2, At­le­ti­ko–He­ta­fe: 1–0.