Tennis boýunça möwsümiň soňky, 4-nji “Uly tuwulgasy” ýaryşy bolan “Amerika Açyk” 26-njy awgustda başlar. 8-nji sentýabrda tamamlanjak bäsleşik 139-njy gezek geçirilýär. Umumy pul gaznasy 57 million 283 müň 700 dollara deňdir. Duşuşyklar adatça bolşy ýaly, Nýu Ýorkdaky USTA Billie Jean King milli tennis kortlary merkezinde oýnalar. Geçen ýylky ýaryşda erkekleriň arasynda Nowak Jokowiç, zenanlardan Naomi Osaka ýeňiji bolupdy.
Meksikaly Endi Ruiz bilen britaniýaly Entoni Joşuanyň özara geçirjek haklaşyk tutluşygynyň wagty mälim edildi. Iki tarapyň ylalaşygy netijesinde ussat boksçular şu ýylyň 7-nji dekabrynda Saud Arabystanynyň Ed-Diriýa şäherinde gaýtadan duşuşarlar. 29 ýaşyndaky iki boksçynyň ilkinji tutluşygy iýun aýynda geçirilip, onda Ruiz garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşyny nokaut bilen ýeňipdi.
Ertir, ýagny 25-nji awgustda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda dzýudo boýunça 33-nji Dünýä çempionatyna badalga berler. 1-nji sentýabra çenli dowam etjek çempionata 149 ýurtdan jemi 860 dzýudoçy (519-sy erkek, 341-si zenan) gatnaşar. Türgenler çempionatyň dowamynda 14 agram derejesinde (erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100, 100+; zenanlar 48, 52, 57, 63, 70, 78, 78+) çykyş ederler.
“Gran Tur” welosiped bäsleşikleriniň 3-njisi bolan “Vuelta a Espana” ýaryşyna şu gün deňiz kenaryndaky Torrewieha şäherinden badalga berler. 21 tapgyrdan ybarat bolan ýaryş 3 hepdeläp dowam eder we 15-nji sentýabrda paýtagt Madridde tamamlanar. 74-nji gezek geçirilýän bäsleşige 22 topardan jemi 176 türgen gatnaşar. Türgenler jemi 3272,2 kilometrlik ýol geçerler.