Şu ýylyň 26-27-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň Singapur Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary üstünlikli tamamlandy. Iki döwlet tarapyndan hem uly ähmiýet berlen bu ýokary derejedäki sapar Türkmenistan bilen Singapuryň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylyp, syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna we işjeňleşmegine uly itergi berdi.
Milli Liderimiz Singapur Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet saparyna gabatlanylyp, bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň, türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Işewür forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalaryň toplumynda öz beýanyny tapdy. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
IŞEWÜRLER BILEN DUŞUŞYK
27-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewür duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň, ýagny “Pacıfic International Lines Pte.Ltd.” kompaniýasynyň, “The Development Bank of Singapore” (Singapuryň ösüş bankynyň), “Indorama Corpоration” korporasiýasynyň, “DP Architects”, “Fortrec Chemicals and Petroleum Pte.Ltd.” kompaniýalarynyň, “The Assocation of Banks in Singapore” (Singapurdaky banklaryň bileleşiginiň), “PSA International”, “Surbana Jurong” kompaniýalarynyň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.