Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat geçirilýär. Bu çäre ýurdumyzdan hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny, geljegi uly taslamalary görkezmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.
Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion taýdan ösmäge tarap ugur almak – hut şu ýörelgeler baş ugur bolup, ýöriteleşdirilen gözden geçirmäniň häsiýetini kesgitledi.
Köptaraply sergi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion düzümini, şähergurluşygynyň maddy-enjamlaýyn mümkinçiligini we binagärligi, häzirki zaman şäher we ulag düzüminiň kemala gelşini aýdyň görkezýär.
Ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary tehnologiýaly toplumlar halkara hil ölçeglerine kybap gelýän, bäsdeşlige ukyply, giň görnüşli harytlary çykarmaga niýetlenendir. Bezeg serişdelerini, sement, kerpiç, panel toplumlaryny, magdan däl gurluşyk serişdelerini, turba önümlerini, armaturalary, metal gurnamalary, plastmas we aýna süýümli turbalary hem-de beýlekileri öndürýän pudaklaýyn edaralaryň hem-de iri kärhanalaryň diwarlyklary pudagyň ösüşiniň depginlerini we onuň gazananlaryny görkezýär. Bu önümlere häzirki wagtda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Bu ýerde görkezilýän ylmy işläp taýýarlamalar, dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar Türkmenistanyň serişde tygşytlamagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary görkezijileri bolan tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga maksada okgunly geçýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat-siti» giň gerimli taslamanyň serginiň esasy üns merkezinde bolandygyny bellemek gerek. Ony gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimize degişlidir.
Sergide ýurdumyzyň hususy gurluşyk ulgamynyň işi aýratyn giňden görkezildi. Soňky ýyllarda hususy gurluşykçylaryň alyp baran işleri bilen iri taslamalar durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar sergi meýdançasyny diňe bir özleriniň täsin tehnologiýalaryny tanyşdyrmaga däl, eýsem, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyna hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu ýerde döredilen şertlere esaslanyp, kärhanalara maýa goýmaga taýýardyklaryny tassyklamak üçin hem peýdalandylar. Serginiň geçýän günlerinde «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat hem geçirildi. «Türkmengurluşyk – 2019» atly halkara sergi şu gün öz işini tamamlaýar.